Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Kimler kimlere garşy söweşýär?


Sünni musulman söweşejileri polisiýa ulagynyň ot alyşyna seredýärler. Ramadi, Yrak. 2-nji ýanwar, 2014 ý.
Sünni musulman söweşejileri polisiýa ulagynyň ot alyşyna seredýärler. Ramadi, Yrak. 2-nji ýanwar, 2014 ý.
Yragyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň günbatar bölegini eýelän “Al-Kaýda” bilen iltegli meýletinçilere garşy hüjüme geçdiler. Yragyň günbatarynda sünni musulmanlar agdyklyk edýär. Biz bu söweşe kimleriň gatnaşýandygy, dartgynlylygyň sebäpleri we täsiri barada giňişleýin syn taýýarladyk.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň günbataryndaky baş-başdak meýletinçilere garşy söweş alyp barýarlar.

Meýletinçiler Ramadi we Falluja şäherlerini ele aldylar. Ýurduň günbataryndaky Anbar welaýatynyň iň esasy şäherleri bolan bu iki şäherde, esasan, sünnüler ýaşaýarlar. Bu welaýat geçmişde Birleşen Ştatlaryň harby güýçlerine garşy aýgytly söweş alyp barypdy. Regiondaky sünni taýpa baştutanlary ýaraglanyp, iki taraplaýyn söweş alyp barýarlar.

Meýletinçiler polisiýa bölümlerini, harby nokatlary ele alyp, tussaglary erkinlige goýberdiler. Hökümete degişli güýçler meýletinçilere hüjüm etdiler, ýöne olar güýçli garşylyga uçradylar.

Birnäçe adamyň ölümine getiren agyr jeň, şaýy häkimiýetleri tarapyndan dolandyrylýan ýerlerde dürli dini mezheplere uýýan toparlaryň arasynda dartgynlylygyň ýokarlanan döwrüne gabat geldi. Yrak 2007-nji ýyldan bäri bir dine uýýan dürli mezhepleriň öz arasyndaky şeýle agyr söweşe şaýat bolmandy.

Söweşe, esasan, kimler gatnaşýar?

Anbar welaýatyndaky bu galagoply söweşe köp sanly dürli toparlar gatnaşýarlar. Yragyň milli howpsuzlyk güýçleri göz-görtele bir tarapyň arkasyny alyp, şolaryň tarapynda söweşýär. Beýleki tarapda bolsa “Al-Kaýdanyň” şahamçasy bolan ýerli toparlar we olaryň hyzmatdaşlary söweşýärler. “Al-Kaýdaçylar” bu ýerlerini Yrak we Lewant Yslam döwleti diýip atlandyrýarlar.

Söweşe gatnaşýan üçünji topar sünnüleriň taýpa baştutanlarynyň golastyndaky güýçlerden ybarat. Olaryň käbirleri Anbaryň “Oýanyş geňeşiniň” agzalarydyr. Hökümetiň tarapdary bolan sünni meýletinçiler ozal hem “Al-Kaýda” garşy söweş alyp barypdylar. “Oýanyş geňeşi” 2006-njy ýylda bolan gozgalaňdan soň Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri tarapyndan döredilipdi. Beýleki taýpalar bolsa hökümete garşy söweş alyp barýarlar.

Londondaky “Chatham House” bileleşiginiň işgäri Haýder al-Hoýeý sünni taýpa baştutanlarynyň golastyndaky toparlaryň iki tarapda hem söweşýändigini aýdýar: “Ol ýerde “Al-Kaýda” garşy söweş alyp barýan Yragyň howpsuzlyk güýçlerini goldap, şolaryň tarapynda söweşýän taýpalar bar we şol bir wagtyň özünde döwletiň howpsuzlyk güýçlerine garşy göreşýän taýpalar bar. Olar, eýse, “Al-Kaýda” garşy söweş alyp barýarlarmy ýa-da “Al-Kaýdanyň” bähbidi üçin uruşýarlarmy, bu belli däl.

Olar näme üçin söweşýärler?

Söweşiň regional we içerki meseleler bilen baglanyşykly sebäpleri bar.

Al Hoýeýiň pikirine görä, goňşy Siriýanyň bu söweşlerdäki täsiri uly. Sebäbi ol ýerde dini mezhepler arasyndaky söweş onsuzam dartgynlaşdy.

Siriýadaky ýagdaýlar [bu etraplarda] “Al-Kaýdany” güýçlendirdi we Yrak bilen Siriýanyň arasyndaky araçäkden “Al-Kaýdanyň” söweşijileri iki tarapa-da arkaýyn geçip bilýärler. Bu ýagdaý, elbetde, Yragyň hökümet güýçlerine garşy göreşýän “al-kaýdaçylara” oňyn täsir etdi.”

Regional ýagdaýlar bilen bir hatarda häzirki söweşlere Yragyň öz içindäki içerki meseleleri hem sebäp boldy. Premýer-ministr Nuri Al-Malikiniň baştutanlygyndaky şaýy hökümeti bilen azlykdaky sünni toparlaryň arasynda dartgynly ýagdaýlaryň döremegi “Al-Kaýdanyň” goşunlaryny ýüreklendirdi.

Londonda ýaşaýan yrakly syýasy teswirçi Kamran Karadagi häzirki günlerde dowam edýän söweşiň Yrakda uzak wagtdan bäri dowam edýän syýasy krizisiň netijesidigini aýdýar: “Syýasy erk sünnüler bilen oňşup bilmedi. Sünnüler [häkimiýetden] dolulygyna diýen ýaly çetledildi. Yragyň sünni welaýatlary, aýratynam Anbar welaýaty ozallar federalizme garşy çykýardylar, ýöne häzir welin olaryň hut özleri federalizm gurluşyny talap edýärler. Bu bolsa olaryň hökümetden näderejede närazydyklaryny görkezýär.”

Soňky dartgynlylygyň ýüze çykmagyna näme sebäp boldy?

28-nji dekabrda sünni kanunçykaryjy Ahmed Al-Alwani Ramadi şäherinde terroçylykda aýyplanyp tussag edilensoň, Anbar welaýatynda dartgynly ýagdaýlar ýüze çykyp başlady.

Bu wakadan bir-iki gün geçensoň, has takygy 30-njy dekabrda, sünni protestçiler şaýy hökümetiniň özlerini [deňhukukly güýç] hasap etmeýändigini we özleriniň [syýasatdan] çetledilýändigini aýdyp garşylyk bildirensoň, howpsuzlyk güýçleri olaryň çykyşlaryny basyp ýatyrjak boldular. Bu bolsa taýpalaryň howpsuzlyk güýçleriniň garşysyna söweşe galmagyna getirdi.

30-njy dekabrda aglaba bölegi sünnülerden düzülen 44 sany kanunçykaryjy arzasyny ýazyp, öz islegleri bilen parlamentden çykdylar.

Esasan sünnüleriň ýaşaýan ýeri bolan günbatar we merkezi Yrakda dartgynly ýagdaýlar 2012-nji ýylyň ahyrynda başlanypdy we şondan bäri hem çaknyşyklar dowam edip gelýär.
XS
SM
MD
LG