Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Jerimeler we para-peşgeş keseli


Türkmenistanda ýol polisiýasy

Türkmenistanda ýol polisiýasy

1-nji ýanwardan Türkmenistanyň adminstratiw düzgün bozmalar hakyndaky kodeksine girizilen düzedişler we goşmaçalar güýje girdi. Prezident G.Berdimuhamedow bu kanuna geçen ýylyň noýabrynda gol çekipdi.

Kodekse girizilen düzedişler we goşmaçalar ýurtda adminstratiw düzgün bozmalaryň azalmagyna gönükdirilen, emma bu ugurdaky kanunçylygyň berkidilmegi, şol sanda adminstratiw düzgün bozmalar boýunça salynýan jerimeleriň artdyrylmagy ozaldan hem az hasaplanmaýan para-peşgeş talabyny, kanun goraýjy gulluklaryň işgärleriniň arasynda öz gulluk ýagdaýyndan bikanun peýdalanmaga çalyşýan adamlaryň sanyny has köpeldip biler diýen aladalar bar.

Ikinji tarapdan, türkmen jemygetçiliginde kanunlaryň düşündirilişiniň pesligi, ýönekeý adamlaryň kanunlary ýeterlik bilmezligi, şol bir wagtda salynýan pul jerimeleriniň möçberiniň köpelmegi hem kanunlaryň netijeli işlemegine goşant goşmaz diýen pikirler aýdylýar.

Eýsem Türkmenistanda kanunlaryň kämilleşdirilmegi bilen olaryň iş ýüzünde netijeli bolmagy nädip utgaşdyrylyp bilner? Bu ýerde ýerli metbugatda açyk aýdylmaýan nähili meseleler we kynçylyklar bar?

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Pikirleriňize, bellikleriňize, teklipleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG