Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Resmiler 88 tussagy boşadýar


Owganystanyň synçylar toparynyň başlygy öňki tertibe laýyklykda 88 tussagyň azatlyga goýberiljekdigini aýtdy. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň gürrüňi gidýän tussaglary howply hasaplaýandygyna garamazdan, bu çäräniň durmuşa geçiriljekdigini belledi.

Abdul Şakar Dadras ýekşenbe güni giçlik “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda gürrüňi gidýän bendileri tussaglykda saklamak üçin delilleriň esassyzdygyny hem sözüne goşdy. Şol tussaglar Kabulyň demirgazygyndaky Bagram howa bazasynda saklanylýar.

ABŞ gürrüňi gidýän tussaglaryň daşary ýurt goşunyny öldürmäge gatnaşandygyny aýdandan soň, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý synçylar toparyny tussaglara garşy has köp delil bilen üpjün etmegi üçin owgan aňtaw gullugynyň resmilerine tabşyryk berdi.

Geçen hepde ABŞ-nyň senatorlary azat etmeleriň iki ýurduň gatnaşyklaryna gaýtadan sazlap bolmajak görnüşde zeper ýetirjekdigini duýduryp, Karzaýa bu çäräni bes etmegi üçin basyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG