Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Müfti wezipesinden çekilmeli


Onlarça adam Gyrgyzystanyň Baş müftisiniň derhal wezipesinden çekilmegini talap edip, onuň Bişkekdäki edarasynyň öňünde protest geçirdi.

Altmyş töweregi aýal we erkek Rahmatullah-Haji Egemberdiýewiň jynsy gatnaşyklary saklaýandygyny öňe sürüp, onuň duşenbe güni wezipesinden çekilmegini talap etdi.

Egemberdiýew bilen ýaş zenanyň jynsy gatnaşygy alyp barýandygyny görkezýän wideo ýazgy Täze Ýyl agşamy internetde peýda bolupdy. Egemberdiýew wideo ýazgydaky zenanyň özüniň ikinji aýalydygyny aýtdy. Gyrgyz kanuny köpaýallylygy gadagan edýär.

Duşenbe güni polisiýa protestçileriň has ýakynlaşmagynyň öňüni almak üçin müftiniň edarasynyň daşynda gözegçilik etdi. Egemberdiýew 2012-nji ýylyň dekabr aýynda Gyrgyzystanyň Baş müftisi wezipesine saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG