Sepleriň elýeterliligi

Eýran Yraga ýardam teklip etdi


Eýran Yragyň “Al-Kaýda” garşy dowam edýän urşuna kömek etmäge taýýardygyny aýtdy. Duşenbe güni Eýranyň armiýasynyň başlygynyň orunbasary general Mohammad Hejazä salgylanyp, eýran metbugatynyň berýän maglumatynda Bagdat kömek sorasa, Tähran “harby serişdeleri we maslahatçylary” hödürlemäge taýýar diýilýär.

Şeýle-de, Hejazi Yraga goşun ugradylmajakdygyny, ýöne muňa garamazdan ol “hiç zadyň maslahat edilmändigini” belledi.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri we sünni tire-taýpalarynyň bileleşigi ýurduň günbataryndaky Anbar welaýatynda “Al-Kaýda” ilteşikli söweşijiler bilen uruşýarlar. Söweşijiler bu welaýatyň paýtagty Ramadi şäheriniň bir bölegini we Fallujah şäherini ele saldylar.

Ýekşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Jon Kerri Yragyň söweşijilere garşy urşuna ABŞ-nyň goldaw berjekdigini, ýöne ýurda goşun ugratmajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG