Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: Partlamada iki adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky döwlet mekdebiniň daşynda janyndan geçen bombaçynyň özüni partlatmagy netijesinde ýetginjek oglan we başga-da bir adam öldi.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň berýän maglumatyna görä, partlama duşenbe güni irden Hangu etrabyndaky şaýy musulmanlarynyň agdyklyk edýän Ibrahimzaý sebitinde ýüze çykypdyr.

Pakistanda gadagan edilen sünni ekstremist guramasy – “Laşkar-e-Jangwi” partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu topar mundan ozal hem Pakistanyň şaýy azlygyna garşy hüjümleri amala aşyrypdy.
XS
SM
MD
LG