Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada özbek migrant öldürildi


Moskwada özbek zähmet migranty öli tapyldy. Russiýanyň polisiýasynyň duşenbe güni beren maglumatyna görä, asly özbegistanly migrantyň jesedi demir zawodynda tapylypdyr. Azyndan iki ok bilen ýaralanan migrant gürrüňi gidýän bu zawodda işleýärdi.

Migrant işçiniň şahsyýeti barada maglumat berilmedi. Russiýanyň Udmurtsk respublikasyndan 31 ýaşly adam we Russiýanyň Komi respublikasyndan 38 ýaşly adam bu waka bilen ilteşiklilikde güman edilip, tussag edildi. Olaryň şahsyýeti barada hem maglumat berilmedi.

Moskwada merkezi aziýaly we kawkazly migrant işçilerine garşy hüjümler wagtal-wagtal amala aşyrylýar. Oktýabr aýynda russiýaly adam pyçaklanyp, öldürilenden soň Moskwada migrantlara garşy uly protestler geçirildi. Russiýaly bu adamyň kawkazly migrant işçi tarapyndan öldürilendigi aýdylýar.

Bu wakadan soň, Moskwada we Sank-Peterburgda birnäçe merkezi aziýaly zähmet migranty öldürildi.
XS
SM
MD
LG