Sepleriň elýeterliligi

Erdogan ofiserleriň gaýtadan sud edilmegine garşy däl


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan hökümeti agdarmaga dildüwşikde höküm edilen harby ofiserleriň gaýtadan sud edilmegine garşy däldigini aýtdy.

Türkiýede 2012-nji we 2013-nji ýyllardaky ýokary derejeli iki sud işinde ýüzlerçe ofiser tussag edilipdi. Oktýabr aýynda Türkiýäniň arz-şikaýat sudy mundan on ýyl ozal Erdoganyň hökümetini agdarmak dildüwşigine ýolbaşçylyk etmekde höküm edilen pensiýa çykan ýokary derejeli ofiserleriň sud işini güýçde saklapdy.

Geçen hepde Türkiýäniň harby pudagy häzirki wagt wezipedäki we pensiýa çykan ofiserlere garşy gozgalan sud işini şikaýat etdi. Şikaýatda gürrüňi gidýän ofiserlere garşy görkezilýän delilleriň toslamadygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG