Sepleriň elýeterliligi

Maliki söweşijilere garşy durmaga çagyrdy


Yragyň premýer-ministr Nuri al-Maliki.

Yragyň premýer-ministr Nuri al-Maliki.

Premýer-ministr Nuri al-Maliki Fallujah şäheriniň ýaşaýjylaryny Yrak goşunynyň hüjüme geçmezligi üçin “Al-Kaýda” bilen bagly söweşijileri şäherden çykarmak boýunça hereket etmäge çagyrdy.

Duşenbe güni döwlet telewideniýesinde eden bu çykyşynda Maliki söweşijileri “terrorçylar” diýip atlandyrdy. Ol eger harbylar şähere girse, Fallujahyň “ýaragly çaknyşyklar” bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurdy.

Hökümetiň cäresi

Maliki howpsuzlyk güýçlerine parahat ilatyň ýaşaýan ýerlerine hüjüm etmezligi tabşyrandygyny aýtdy.

Malikiniň bu beýannamasy Yragyň hökümetiniň Anbar welaýatynda sünni gozgalaňçylaryny birki günlükde eýelän şäherlerinden çykaryp, welaýata gözegçiligi gaýtadan dikeltmek üçin taýýarlyk görülýändigi aýdylýan wagtyna gabat geldi.

“Al-Kaýda” bilen bagly “Yrak yslam döwleti” we “Lewant” atly toparlaryň söweşijileri geçen hepdede Anbar welaýatynyň Fallujah we Ramadi şäherlerini eýelediler, bu bolsa Malikiniň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümeti üçin uly kynçylyk döretdi.

Soňky günlerde Anbar welaýatynda ençeme adamyň wepat bolandygy we müňlerçe adamyň zorlukdan gaçyp gutulmaga synanyşýandygy barada habarlar gelýär.

Synçylaryň sözlerine görä, soňky hüjümler sünni söweşijileriň ençeme ýylyň dowamynda ilkinji gezek Anbar welaýatynyň iri şäherlerini basyp alyp, öz elinde saklamagy başarandygyny görkezýär. Bu region Siriýa, Iordaniýa we Saud Arabystany bilen serhetdeş ýerlerdir.

ABŞ-nyň kömegi

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri söweşijileri gysyp çykarmak üçin kömek bermegi wada etdi, emma şol bir wagtda-da ol amerikan goşunlaryny Yraga ibermek boýunça hiç hili planyň ýokdugyny aýtdy. Kerri muny ýekşenbe güni žurnalistlere mälim etdi.

Bagdatdan günbatar tarapda ýerleşýän bu welaýat 2003-nji ýylda ABŞ-nyň goşunlarynyň Yrakda alyp baran we Saddam Husseýniň agdarylmagyna getiren esasy operasiýalarynyň amala aşyrylan ýeridir.

Birnäçe ýyllap dowam eden söweşleriň netijesinde amerikan goşunlary sünni araplaryň goldawy bilen Anbar welaýatyny söweşijileriniň elinden alypdy.

ABŞ-nyň goşunlary Yrakdan 2011-nji ýylda çykaryldy.

Malikiniň ýarany Eýran hem agzalan gozgalaňy basyp ýatyrmakda öz ýardamyny teklip etdi.

Eýranyň teklibi

Eýranyň döwletiň gözegçiligindäki IRNA habar agentligi öz harbylarynyň serkerdesiniň orunbasary general Mohammad Hejaziniň Yrak hökümetine söweşijilere garşy göreşde “[zerur] enjamlary we maslahatlary” teklip edendigini habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de general bilelikde operasiýa geçirmek barada Bagdatdan özlerine ýüz tutulmandygyny aýtdy.

Anbar welaýatyndaky soňky söweşler hökümet güýçleri 30-njy dekabrda sünnileriň Ramadidäki protest lageri ýok edilensoň başlanypdy. Hökümet bu lageriň “Al-Kaýda” bilen bagly söweşijiler tarapyndan ulanylýandygyny aýtdy.

Yragyň sünni azlyklary şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümeti ençeme ýyl bäri özlerini [döwleti bilelikde dolandyrmakdan] üzňeleşdirmekde aýyplap gelýärler.
XS
SM
MD
LG