Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Howpsuzlyk çäresi geçirilýär


Orsýet Soçide boljak olimpiýa oýunlaryna bir aý galanda Olimpiadanyň taryhynda iň uly howpsuzlyk operasiýalary, diýilip häsiýetlendirilen çärelere başlady.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministr Wladimir Puşkow sişenbe gününden başlap “oýunlarda myhmanlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge jogapkär ähli gulluklaryň söweşe taýýar derejesine getirilendigini” aýtdy.

Polisiýanyň we harbylaryň 30 müňden gowrak wekili harby tehnikany ulanmak arkaly olimpiýa oýunlaryna gözegçilik eder. Soçide registrasiýasy ýa-da ýörite rugsatnamasy bolmadyk awto ulaglar şähere goýberilmez.

Olimpiadanyň geçýän ýerlerine diňe bileti we dokumenti bar bolan adamlar goýberiler.

Howpsuzlyk çäreleri geçen aýda Wolgograd şäherinde 34 adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamalaryndan soň amala aşyryldy. Derňewçiler şol partlamalarda Demirgazyk kawkazly yslamçylaryň eliniň bardygyny güman edýärler.
XS
SM
MD
LG