Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yraga kömegi artdyrýar


ABŞ “Al-Kaýda” bilen bagly söweşijilere garşy göreşde Yraga ýardam bermek üçin harby enjamlary ibermegini tizleşdirendigini aýtdy.

Ak Tamyň metbugat-wekili Jaý Karneý duşenbe güni Waşingtonda žurnalistleriň öňünde çykyş edip, “Al-Kaýda” bilen bagly toparlary üzňeleşdirmek ugrunda ABŞ-nyň Yrak bilen umumy strategiýanyň üstünde ysnyşykly işleşýändigini habar berdi. Şeýle-de Karneý ABŞ-nyň Yraga şu ýyl goşmaça sürüjisiz gözegçilik uçarlaryny we raketalary ibermegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Geçen hepdede Yrakda “Al-Kaýda” bilen bagly toparlar Anbar welaýatynyň Fallujah we Ramadi şäherlerini ele salypdy.

Duşenbe güni premýer-ministri Al-Maliki Fallujanyň ýaşaýjylaryny söweşijileri gysyp çykarmak üçin herekete çagyrdy.
XS
SM
MD
LG