Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Wezipe çalşygy dowam edýär


Türkiýede korrupsiýa garşy alnyp barylýan operasiýalar bilen baglylykda Ankarada 350 çemesi polisiýa ofiseriniň wezipesinden boşadylandygy barada habar berilýär.

“Dogan News” atly hususy agentligiň maglumatyna görä, ofiserler hökümetiň gije çap eden permanynyň esasynda işden boşadylypdyr. Olaryň arasynda maliýe jenaýatçylyga, gaçakçylyga, kiber jenaýatçylyga we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça edaralaryň ýolbaşçylarynyň bardygy barada habar berilýär.

Türkiýede parahorluk boýunça derňewler 17-nji dekabrda başlanaly bäri ýüzlerçe polisiýa wekili işden çetleşdirildi ýa-da özleri çekildi. Soňky wezipe çalşygy Türkiýäniň hökümetindäki korrupsiýa bilen bagly şübheler sebäpli syýasy dartgynlylygyň güýçlenýän wagtynda bolup geçdi.
XS
SM
MD
LG