Sepleriň elýeterliligi

Kolbaýewiň “ýaranlary” ele salyndy


Gyrgyzystanda jenaýat toparynyň agzalary bolmakda güman edilýän dört adam tussag edildi.

Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Jalal-Abad regionynyň polisiýasy Kamçybek Kolbaýewiň ýolbaşçylygyndaky guramaçylykly jenaýat toparynyň agzasy bolmakda güman edilýän 31 ýaşly adamyň ele salynandygyny sişenbe güni AÝ/AR-na aýtdy. Şol bir wagtda-da Talas welaýatynyň polisiýasy Kolbaýew bilen gatnaşykda güman edilýän ýene üç sany ýerli ýaşaýjynyň tussag edilendigini habar berdi.

Kolbaýew 2012-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinden ekstradisiýa edilip, häzir Bişkekde sud edilýär. Ol adam ogurlamakda, talaňçylykda, jenaýat toparyny döretmekde we ýarag saklamakda aýyplanýar.

2011-nji ýylda ABŞ 39 ýaşly Kolbaýewi global neşe gaçakçylygyna gatnaşygy bolanlaryň sanawyna goşupdy. Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Kolbaýewiň häkimiýet başyndan çetleşdirilen öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň garyndaşlary bilen gatnaşygynyň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG