Sepleriň elýeterliligi

ABŞ jeňçilere garşy söweşe kömegi tijeýär


Yrak esgeri Bagdadyň gündogaryndaky barlag nokadynda dur. 6-njy ýanwar, 2014.

Yrak esgeri Bagdadyň gündogaryndaky barlag nokadynda dur. 6-njy ýanwar, 2014.

Birleşen Ştatlar hökümetiň «Al-Kaýda» bilen ilteşikli jeňçilere garşy söweşine ýardam berjek harby enjamlary Yraga çaltrak ýetirmegiň aladasyny edýändigini aýdýar.

Bu sözler duşenbe güni Ak tamyň sözçüsi Jeý Karniý tarapyndan, Yragyň Yslam döwletiniň we «Lewant» (ISIL) toparynyň geçen hepde Fallujanyň bir bölegini we Anbar welaýatyndaky Ramadi şäherini ele geçireninden soň aýdyldy.

Karniý Waşingtonda žurnalistlere Birleşen Ştatlaryň Yraga «Hellfire» raketalarynyň goşmaça tapgyryny şu güýzden gijikmän ýetirmegiň aladasyny edýändigini aýtdy.

Sözçüniň aýtmagyna görä, jeňçi toparlaryň yzyny yzarlamaga kömek etmek üçin, Waşington Yraga has köp gözegçilik dronlaryny hem berer, ýagny gelýän hepdelerde Yraga 10 dron, biraz soň, şu ýylyň dowamynda bolsa ýene 48 dron berler.

"Yraklylaryň öz işi"

Emma Karniý Yragyň bu söweşi öz güýji bilen alyp çykmalydygyny hem nygtady:

"Bu yraklylaryň özleriniň öňüni çekmeli we baş alyp çykmaly işi. Emma bu biziň olara kömek edip bilmeýändigimizi aňlatmaýar we biz olara [kömek etdik]. Biz yraklylar bilen «Al-Kaýda» dahylly toparlary üzňeleşdirmek boýunça maksadalaýyk strategiýa işläp düzmek ugrunda ýakyndan işleşýäris we Ramadide munuň käbir deslapky netijelerini gördük. Bilşiňiz ýaly, tire güýçleri, polisiýanyň hem Yrak goşunynyň goldaw bermeginde, ISIL toparyny şäheriň içinden çetleşdirene meňzeýär. Häzir ýagdaý yrga, onsoň bu barada bir zat aýdardan we netije çykarardan ir."

Ýüzlerçe ýaşaýjy eýýäm hökümet güýçleriniň topa tutmalarynyň we howa zarbalarynyň öňünden gaçýar. Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki Fallujanyň ilatyny jeňçileri şäherden kowup çykarmak boýunça çäre görmäge hem-de Yrak goşunynyň şähere hüjüm etmek zerurlygyny aradan aýyrmaga çagyrdy.

Maliki duşenbe güni döwlet eýeçiligindäki telewideniýede berlen beýanatynda eger harbylar içeri girseler, Fallujanyň ýaragly çaknyşyklar howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljegini duýdurdy. Premýer-ministr özüniň howpsuzlyk güýçlerine ýaşaýyş etraplaryna hüjüm etmezligi buýrandygyny hem sözüne goşdy.

Eýranyň teklibi

Mälikiniň hökümetiniň ýarany bolan Eýran hem öz kömegini teklip etdi. Yslam respublikasynyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy Eýranyň harby ştabynyň başlygynyň orunbasarynyň jeňçilere garşy söweşde harby enjam we maslahat-geňeş kömegini teklip edendigini habar berdi. Emma general Mohammad Hejazi Bagdat tarapyndan bilelikde operasiýa geçirmek haýyşynyň bolmandygyny aýtdy.

Anbar welaýatyndaky soňky söweş Bagdadyň günbatarynda, 30-njy dekabrda Ramadidäki sünni protest lageri hökümet güýçleri tarapyndan dargadylandan soň turdy. Hökümet bu lageri «Al-Kaýda» bilen iltewli jeňçilere baza bolup hyzmat etmekde aýyplady.

Yragyň sünni azlygy şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň öz jemgyýetlerini ýyllarboýy üzňeleşdirmäge ýykgyn edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG