Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mejlis: A.Nurberdiýewa ýene saýlandy


Türkmenistanyň iki partiýaly täze parlamenti Mejlisiniň ýolbaşçysy wezipesine ýene Akja Nurberdiýewany saýlady. 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň parlamentiniň bäşinji çagyryşynyň birinji maslahaty geçirildi.

2007-nji ýylda G.Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti bolaly bäri Akja Nurberdiýewa parlamente baştutanlyk edip gelýär.

2013-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň 1991-nji ýylda garaşsyz döwlet bolaly bäri ilkinji iki partiýaly parlament saýlawlary geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelkde Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem Berdimuhamedowa wepalydygyny yglan etdi.

Dekabrda bolan saýlawlara ilkinji gezek syn eden ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gözegçiler missiýasy saýlawlara öz bahasynyň fewral aýynda beriljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG