Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Hüşgärlik güýçlendirilýär


Polisiýa köçeden geçip barýan adamy barlaýar. Soçi.

Polisiýa köçeden geçip barýan adamy barlaýar. Soçi.

Orsýet Soçide geçjek Olimpiada oýunlarynyň başlanmagyna bir aý wagt barka bu ýerde "giň gerimli howpsuzlyk operasiýalary" diýilän çäreleri girizdi.

Ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça minisrti Wladimir Puçkow sişenbe gününden başlap, "Oýunlaryň dowamynda myhmanlaryň howpsuzlygyny kepillendirmäge jogapkär bölümleriň ählisi söweşe taýyn ýagdaýa geçirilýär" diýdi.

Ol soňra hem ähli obýektleriň gorag astyna alnyp, kosmosda ýerleşdirilen gözegçilik sistemasyndan peýdalanyljakdygyny bildirdi.

Gözegçilik

Ýerli häkimiýetler tarapyndan hasaba alynmadyk ýa-da ýörite rugsady bolmadyk ulaglar Soçä goýberilmez. Oýunlaryň geçýän ýerlerine barmaga diňe biletli we şahsyýeti barlanan adamlara rugsat ediler.

Bu çärelerden daşgary Federal howpsuzlyk gullugy mobil telefon we e-mail arkaly bolýan gatnaşyklara hem gözegçilik eder.

Žurnalist, howpsuzlyk eksperti we "Agentura.ru" habar saýtynyň baş redaktory Andreý Soldatow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Soçide girizilen howpsuzlyk çäreleriniň sowet dowrüne degişli işlere meňzäýändigini aýdýar: "Orsýetiň ýörite gulluklary sowet stilli administratiw çäreler bilen birlikde täze, döwrebap gözegçilik we yzarlama tehnologiýasyna bil baglaýana meňzeýärler. Olimpiada oýunlarynyň tomaşaçylarynyň elekden geçirilmegi muňa bir mysal bolup biler. Biri sport geçýän ýere barmak üçin bilet aljak bolsa, anketa doldurmaly, onsoň 'sport janköýeri' diýilän pasport çykarylmaly. Mundan başga-da, mysal üçin, Soçiniň olimpiada zonasyna girjekleriň ýörite gulluklar tarapyndan barlanmagy ýaly ätiýaç üçin görülýän çäreler bar. Ondan soň gara sanaw bar. Bir-iki hepde mundan ozal ýaýran maglumat boýunça terrorizme ýykgyn etmegi mümkin adamlar hakda maglumat sistemasyny döretmek ýüki hem Soçidäki polisiýa işgärleriniň üstüne ýüklenipdir. Bu zatlardan sowet döwründe edilen işleriň ysy gelýär".

Hüjümler

Öten aý janyndan geçen hüjümçiler tarapyndan Wolgogradda partladylan iki bombada 34 adam ölensoň, prezident Putin goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň girizilmegini buýrup, Olimpiada oýunlarynyň geçjek ýerini, baryp, özi barlady.

Derňewçiler bu hüjümleri amala aşyranlaryň demirgazyk kawkazly yslamçy soweşijilerdigini güman edýärler.

Soldatowyň pikiriçe, söweşijiler çyndan bir zyýan ýetirjek bolsalar, onda Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri oýunlary goramakda gowşak howpsuzlyk çärelerine bil baglap oturyp bilmezler.

Soldatow bu ugurda öz pikirini şeýle beýan edýär: "Pilotsyz uçarlardan başlap, tä duşmanyň suwasty gämileriniň ýerini anyklap bilýär diýilýän sonarlary öz içine alýan gözegçilik tehnologiýasynyň käbir netijeleri bermegi mümkin. Ýöne bular ýene-de gowşak howpsuzlyk çäreleridir. Ýekelikde iş alyp barýan adam bilen ýa terrorçylykly operasiýalary planlaşdyrmagy mümkin kiçeňräk söweşiji toparlar bilen iş salyşmakda edilmeli esasy zat bulardan bütinleý tapawutly işjeň çäreler, ýagny antiterrorizm gulluklarynyň bu planlaryň üstüni açmak üçin alyp barmaly aktiw işleri. Orsýetiň ýörite gulluklarynyň gowşak tarapyny görkezýän edil şu".

Putin edilen diplomatik basyşlara jogap edip, Soçide protestleriň gadagançylygyny şenbe güni gowşatdy. Çykarylan permanda Olimpiada bilen baglanyşyksyz bolsa-da, ýerli häkimiýetler tarapyndan rugsat edilen köpçülikleýin üýşmeleňlere ýol berilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG