Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Ozalky resminiň memuarlary çap bolar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňki Goranmak sekretary Robert Gates özüniň täze kitabynda prezident Barak Obamanyň Owganystandaky öz uruş strategiýasyna ynamynyň ýetmezçilik edýändigini aýdýar.
“Borç: Uruş sekretarynyň ýatlamalary” atly bu kitap öňümizdäki hepde çapdan çykmaly, ýöne ýatlamalaryň bir bölegi sişenbe güni amerikan metbugatynda peýda boldy.
Gates kitabynda Obama öz administrasiýasynyň owgan strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirjekdigine şübheli garaýardy we ol başga saýlamalar hödürleýän harbylara ynamsyzdy diýip ýazýar.
Şeýle-de ABŞ-nyň öňki Goranmak sekretary Obama general David Petraeusa ynanmaýardy diýýär. General Petraeus 2010-2011-nji ýyllarda Owganystanda ABŞ-nyň harby komandiri wezipesinde işläpdi. Gates Obamanyň Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýa “çydap bilmeýändigini” hem sözüniň üstüne goşýar.
XS
SM
MD
LG