Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Hüjümlere çagyryş edilýär


Siriýada “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşiji topar öz goldawçylaryna garşydaş oppozision toparlary “ýok etmäge” çagyryş etdi.

“Yragyň Yslam döwleti we Lewant” atly toparyň metbugat wekili bu baradaky çagyryşyny ses ýazgysy arkaly sişenbe güni mälim etdi. Mundan birnäçe sagat öň, “Al-Kaýda” bilen ilteşigi bolan başga bir topar oppozisiýa güýçleriniň arasynda dowam edýän ençeme günlik çaknyşyklary togtatmak maksady bilen, ok atyşyklary bes etmäge çagyrypdy.

Şonda “Nusra” frontunyň başlygy toparlaryň arasyndaky çaknyşyklar prezident Başar al-Assadyň režiminiň bähbidine bolar diýipdi.

Oppozision aktiwistleriniň aýtmagyna görä, soňky günlerde toparlaryň arasynda bolan çaknyşyklarda 270-den gowrak adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG