Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz-täjik serhedi ylalaşyldy


Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň serhet gullukçylary we polisiýasy dawaly serhet böleklerine bilelikde gözegçilik eder.
Täjigistanyň hökümet resmileriniň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, ylalaşyga häzirki wagt Duşenbede dowam edýän serhet gepleşiklerinde gelnipdir.
Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary Tokon Mamytowyň ýolbaşçylygyndaky gyrgyz delegasiýasy täjik resmileri bilen gepleşiklere sişenbe güni Duşenbede başlapdylar.
Gepleşikler iki ýurduň serhedinde möwjän dartgynlylygy çözmek maksady bilen geçen aý Bişkegiň inisiatiwasy bilen başladylypdy.
XS
SM
MD
LG