Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky çaknyşyklarda 25 adam öldi


Yrakda yslamçy söweşijiler Fallujah we Ramadi şäherleriniň bir böleginiň kontrollygyny heniz hem öz elinde saklaýarlar. Yargyň howpsuzlyk güýçleri we sünni tire-taýpalary olary şäherlerden çykarmak ugrunda tagalla edýärler.
Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugynyň habarçysy çarşenbe güni irden Ramadi şäheriniň günortasynda bolan uruşda azyndan 25 söweşijiniň öldürilendigini habar berýär. Şol uruşda ýurduň howpsuzlyk güýçleri we ýaranlary “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijilere garşy raketalary, artilleriýa toplaryny we granatamýotlary ulandylar.
Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugynyň berýän maglumatynda ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň söweşijilere garşy goşmaça operasiýalary gurnamaga taýýarlyk görýändigi habar berilýär.
Yragyň armiýasy asuda ilatyň ýitgisinden gaça durmak üçin Fallujah şäheriniň merkezine amala aşyryljak ähliumumy hüjümiň soňa goýlandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG