Sepleriň elýeterliligi

Nusgalyk etraba nazar salsak


Turkmenistan -- New region "Altyn Sahra". High school. Mary. January 5, 2014

Turkmenistan -- New region "Altyn Sahra". High school. Mary. January 5, 2014

Altyn Sähra etraby Mary welaýatynyň beýleki etraplaryndan düýpgöter tapawutlanýar. Etrabyň ýaşaýyş jaylarynyň köpüsi iki gatly kottejlerden ybarat bolup, köçeleriniň aglabasy asfaltlanan we doly yşyklandyrylan.

Altyn Sähra suw, elektrik togy, tebigy gaz bilen üpjünçiligi taýdan-da töweregindäki beýleki etraplardan tapawutlanýar. Hatda bu etrapda beýleki obalaryň köpusinde bolmadyk kanalizasiýa-da bar.


Etrapda näçe jayyň eýýäm ulanyşa berlendigini anyklap bolmady, emma 2010-njy ýylda açylyşy bolup geçen bu “göreldelik” etrabyň gurluşygy henizem dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde-de ýurduň beýleki welaýatlaryndan hem etraba göçüp barýanlaryň köpelýändigi barada maglumatlar bar.

Ýaşamagyň şertleri

Emma bu ýönekeý etrap däl, eýse şol ýerde ýaşamagyň hem öz şertleri bar. Ol şertlerden birem, etraba göçüp barmak üçin ol ýerden ilki bilen jaý edinmeli. Bu ýerdäki jaýlar bolsa hususy gurluşyk firmalary tarapyndan gurlup, ilata ipoteka esasynda berilýar, dört otagly jaýyň bahasy-da 40-50 müň dollar aralygynda.

Oba göçüp barmagyň şertleriniň bolşy ýaly, ipoteka boýunça jaý satyn almagyň hem öz şertleri bar. Bu proses etrap häkimliginiň adyna arza ýazmak bilen başlanyp, sonar-da onlarça dokumenti ýygnap, degişli ýolbaşçylara tabşyrmak bilen dowam etdirilýär.

Ipoteka boýunça jaý almak üçin soralýan dokumentlerden biri hem oz adyňa hususy emlägiň bolmazlygy we jay aljagyň, özüne kepil geçer ýaly, döwlet edarasynda işleýän garyndaşynyň ýa-da tanyşlarynyň bolmagydyr.

Ynha, problema hem şol ýerde döreýar. Altyn Sähranyň ýaşaýjylaryndan bolan Söhbet bu kynçylygy başdan geçirenleriň biri, ol bu barada şeyle diyýar: “Döwlet edarasynda işleýän tanşyň bolsa-da, olaryň zamun bolasy gelmeýar, sebäbi bu ullakan jogapkärçilik”.

Emma ähli şertler berjaý edilip, dokumentler degişli edaralara tabşyrylansoň hem arzaňa 3-4 aýyň dowamynda jogap berilýär. Oňa çenli dokumentleriň ählisiniň Aşgabada ugradylýandygy aýdylýar. Jaý almaga rugsat berlenden soňra onuň töleginiň 10% tölenmeli, galan bergiňi 30 ýylyň dowamynda tölemäge rugsat berýärler.

Hajathanalar ýok

Marynyň aglaba etraplarynyň şertleri göz oňünde tutulyp aýdylanda, Altyn Sähra, uzakdan göräýmäge, meniň obam bolsun diýer ýaly oba, ýöne kanaliziasiýa sistemasy hem göz oňünde tutulan etrapda, käbir jaylaryň içinde hajathanalar göz oňünde tutulmandyr. Şol sebäpden häzirki döwürde jaýlaryň içinde hajathana niýetlenen goşmaça gurluşyklary gurup ýören adamlara kän duş gelmek mümkin.

Agzalan oňaýly şertleriň Altyn Sähra etrabynyň her jaýyna degişli däldigini görmek üçin uzaga gitmegiň zerurlygy ýok, etrap merkeziniň beýleki tarapyna gözüň düşende, Asgabadyň planlaşdyrylyp gurlan bölegi bilen köne Aşgabadyň arasyndaky tapawut ýada düşýär.

Sebabi Altyn Sähranyň beýleki ýarpysy köne oturymly merkezden ybarat, diňe jaýlaryň däl, bu ýerde yşyklandyryş sistemasy asla göz oňünde tutulmadyk we asfaltlanmadyk köçeler hem göze ilýär. Ýoldaky çukurlar göz oňüne alnanda, gije ýola çykan we ýoluň ýagdaýyndan bihabar adamlaryň saglygy barada alada etmäge sebäp bar.

Emma köne etrabyň köçeleriniň ýagdaýyny gürrüň edeniňde-de, täze gurluşyklaryň bu ýerdäki köneden oturymly ýerlere-de öz oňyn täsirini ýetjekdigine umyt baglaýarsyň. Sebäbi köne Altyn Sähranyň uly ýollarynyň birinde çagyl döküp ýören maşyn hut şunuň gowy alamaty ýaly bolup görünýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG