Sepleriň elýeterliligi

Morsiniň sud işi soňa goýuldy


Müsüriň häkimiýetden çetleşdirilen prezidenti Muhammad Morsiniň sud diňlenişigi 1-nji fewrala çenli soňa goýuldy. Ýurduň kazysyna salgylanyp berilýän maglumatlarda oňaýsyz howa şertleri sebäpli çarşenbe güni Morsiniň türmeden sud zalyna gelip bilmändigi aýdylýar.
Morsi we “Musulman doganlygy” hereketiniň 14 agzasy 2012-nji ýylyň dekabr aýynda oppozision protestçileri öldürmäge öjükdirmekde aýyplanýar. Olar günäli tapylsa, ölüm jezasy ýa-da ömürlik türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler.
Demokratik görnüşde saýlanan Morsi Müsüriň harbylary tarapyndan iýul aýynda häkimiýetden çetleşdirilipdi. Bu waka onuň hökümetine garşy amala aşyrylan köpçülikleýin protestleriň yz ýany bolup geçipdi.
Morsi häkimiýetden çetleşdirileni bäri, prezidentiň yslamçy goldawçylary bilen ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşyklarda ýüzlerçe adam öldürildi we müňlerçesi hem ýaralandy. Yslamçy goldawçylar Morsiniň wezipesiniň gaýtadan dikeldilmegini talap edýärler.
XS
SM
MD
LG