Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 16 resmi işinden boşadyldy


Türkiýäniň Içeri işler ministrligi ýurtda dowam edýän korrupsiýa skandaly bilen baglanyşykly 16 sany welaýatyň polisiýa ýolbaşçysyny wezipesinden çetleşdirdi.
Ministrligiň kararynda bellenilmegine görä, wezipesinden çetleşdirilen polisiýa ýolbaşçylarynyň Ankara, Izmir, Antalýa we Diýarbekir ýaly birnäçe uly şäherden we welaýatdandygy aýdylýar. Bularyň ählisi Türkiýäniň ykdysady taýdan möhüm we köp ilatly welaýatlarynyň hataryndadyr.
Türkiýäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň orunbasary hem wezipesinden çetleşdirildi. Şeýle-de, sişenbe güni Türkiýäniň hökümeti Ankara şäherinde 350 polisiýa işgärini wezipesinden boşatdy.
Türkiýede 17-nji dekabrda derňewler başlany bäri, tutuş ýurtda ýüzlerçe polisiýa işgäri wezipesinden boşadyldy ýa-da wezipesi başga ýere geçirildi.
XS
SM
MD
LG