Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parça: "Mellek meselesi kyn"


Ekin meýdany
Ekin meýdany
Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Parlamentiniň V-nji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ilatyň hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy bilen bagly meseläniň üstünde durup geçdi. Ilaty ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmek maksady bilen soňky ýyllarda ençeme ýaşaýyş jaýy hem gurulýar.

Ondan başga-da ilatyň ýaşaýyş jaý gurmagy üçin döwlet tarapyndan mellek ýerleri hem paýlanyp berilýär. Emma käbir ildeşlerimiz şol mellekleri almagyň o diýen aňsat däldigini aýdýarlar.

Şol ildeşlerimizden biri hem daşoguzly Parça daýza. Ol hem mellek ýerini almagyň kyndygyny, berilse-de şor ýerden berilýändigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň “Hödekmyradow” adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Parça daýza bilen geçiren söhbetdeşligini diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG