Soňky döwürde sosial ulgamlarda türkmen ýaşlary häzirki gyz-oglan gatnaşyklary barada ençeme meseleler gozgaýarlar. Olaryň käbirleri häzirki gyz-oglan gatnaşyklarynyň türkmen jemgyýetine laýyk gelmeýändigini, käbirleri bolsa munuň tersini aýdýarlar.
Eýsem, türkmen jemgyýetinde durmuş toýuny gurnamazdan ozal gyz-oglan gatnaşyklary nähili bolmaly? Häzirki gyz-oglan gatnaşyklaryna kim nähili garaýar?
Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.
Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.