Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Biden Malikini goldaýar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Joe Biden Bagdadyň Falluja şäheriniň kontrollygyny gaýtadan ele almak tagallalaryna goldawlaryny beýan etmek üçin şu hepde ikinji sapar Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki bilen söhbetdeşlik geçirdi. “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijiler Falluja şäheriniň kontrollygyny öz elinde saklaýarlar.
Ak tamyň berýän maglumatyna görä, Biden Malikini ýerliler, tire-taýpalar we milli liderler bilen gepleşikleri dowam etdirmäge höweslendiripdir. Şeýle-de, Ak tam Anbar welaýatynda möhüm syýasy inisiatiwalaryň bardygyny aýtdy diýýär.
Biden Yragyň ministrler geňeşiniň “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijiler bilen uruşlarda ýaralananlar ýa-da öldürilenler üçin tire-taýpa güýçlerine döwlet kömek pullarynyň beriljekdigi hakyndaky kararyny hem goldady.
Mundan öň çarşenbe güni Maliki “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijilere Fallujany terk etmegi ýa bolmasa-da olaryň hüjümler bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG