Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Aktiwist koloniýa geçirilýär


Gazagystanyň günorta-günbataryndaky Žanözen şäherinde ýowuz protestleri gurnamakda aýyplanyp, tussag edilen ýeke täk zenan aktiwist howpsuzlyk taýdan berk gözegçilikde bolmadyk koloniýa geçiriler.
Gazagystanyň Atyrau şäheriniň sudy aktiwist Roza Tuletaýewanyň gürrüňi edilýän koloniýa geçirilmegi bilen bagly karary penşenbe güni çykardy.
Tuletaýewa tussaglykda saklanan döwri özüniň gynamalara we jynsy zorluga sezewar edilendigini aýdyp, azatlykdan mahrum edilmegini protest etmek üçin açlyk yglan edipdi. Ol 2012-nji ýylda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
Şonda başga-da onlarça aktiwist üç we bäş ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilipdi. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda Žanözen şäherinde bolan nebit işgärleriniň protestleri döwründe polisiýa 16 adamy ýaragdan ot açyp öldüripdi.
XS
SM
MD
LG