Sepleriň elýeterliligi

Stawropol ülkesinde howpsuzlyk artdyrylýar


Russiýa ýurduň günortasyndaky Stawropolda sebitinde alty jeset tapylandan soň, regionda howpsuzlyk güýçleriniň hüşgärlik derejesini ýokarlandyrdy. Gürrüňi edilýän bu jesetler ýaragdan ot açylyp öldürilipdirler.

Penşenbe güni gürrüňi edilýän sebitiň howpsuzlyk gullugynyň metbugat wekili çarşenbe güni Stawropol şäheriniň çetindäki iki aýry etrapda dört awtoulagyň içinde ýa-da golaýynda alty jesediň tapylandygyny habar berýär. Awtoulaglaryň birinde mina goýlupdyr. Öldürmeleriň sebäpleri barada ýeterlik derejede maglumat berilmeýär.

Stawropol Demiragyzk Kawkaz sebitiniň araçäginde ýerleşýär. Russiýa bu sebitde yslamçy söweşijileriň hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olar öňümizdäki aý geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryny bulaşdyrmak bilen haýbat atýarlar.

Gyşky olimpiada oýunlary 7-nji fewralda Kawkaz daglarynyň günbatar etegindäki Soçi şäherinde başlanýar. Yslamçy söweşijiler bu sebitde öz halyfatyny döretmek isleýärler.
XS
SM
MD
LG