Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Iki gazak tussag edildi


Gyrgyzystanda asly gazagystanly iki adam tussag edildi. Olaryň Siriýada dowam edýän konflikte yslamçy söweşijileri hakyna tutmak çärelerine gatnaşandygy aýdylýar.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komitetiniň penşenbe güni beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän iki şübheli Siriýada harby türgenleşikleri geçeninden soň, bikanun ýollar bilen Bişkege barypdyr.
Bu komitet şübhelileriň ýurtda galp dokumentleri ulanandygyny we Siriýa ugratmak üçin söweşijileri ýygnamagyň ulgamyny gurnamak maksady bilen Gyrgyzystanda ýaşamagy planlaşdyrandygyny aýdýar. Maglumatda şübhelileriň ýanynda tüpeňleriň, pistoletleriň we ýarag serişdeleriniň dagy bolandygy aýdylýar.
Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça Döwlet komiteti gyrgyzystanly adamyň Siriýadaky yslamçy gozgalaňlara goşulmagy üçin gyrgyz raýatlaryny ýygnamaga gatnaşmakda aýyplanyp tussag edilendigini habar beripdi. Gürrüňi edilýän bu adamyň “Yslamçy Jihad bileleşiginiň” agzasydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG