Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Hüjümde 12 adam öldi


Yrakda janyndan geçeniň hüjümi netijesinde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän azyndan 12 esger öldürildi. Bu hüjüm Bagdatdaky harby komisseriat merkezinde amala aşyryldy. Bu barada ýurduň polisiýasy habar berýär.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, hüjümde başga-da azyndan 25 adam ýaralanypdyr.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Ýöne ýurtda janyndan geçenleriň hüjümleri köplenç halatda “Al-Kaýda” hereketiniň Yrakdaky bölümi tarapyndan amala aşyrylýar.

Gürrüňi edilýän bu bölümiň söweşijileri geçen hepde Bagdadyň günbataryndaky iki esasy şäherleriň belli bir böleginiň kontrollygyny öz eline aldy. Häzirki wagt Yragyň howpsuzlyk güýçleri olary şäherlerden çykarmaga synanyşýarlar.
XS
SM
MD
LG