Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Ablýazow ekstradisiýa ediler


Fransiýanyň sudy gaçgaklykdaky gazak bankiri we oppozisiýa wekili Muhtar Ablýazowyň Russiýa ýa-da Ukraina ekstradisiýa edilmelidigi barada karar çykardy.
50 ýaşly Ablýazow iýul aýynda Kann şäherindäki Riwýera kurortynyň golaýynda tussag edilipdi we şondan bäri Fransiýanyň türmesinde saklanylýardy.
Ablýazowy sud jogapkärçiligine çekmek isleýän Gazagystan döwletiniň Fransiýa bilen ekstradisiýa ylalaşygy ýok. Muňa garamazdan, Russiýa we Ukraina Ablýazowyň öz ýurtlaryna ekstradisiýa edilmegini sorapdylar.
Gazak bankiriniň aklawçysy fransuz sudunyň çykaran bu kararyny şikaýat etjekdigini aýtdy. Ablýazow Gazagystanyň “BTA” atly bankyna ýolbaşçylyk edýärkä, 6 milliard amerikan dollaryny ogurlamakda aýyplanýar. Ablýazow özüne ýöňkelen aýyplamalaryň syýasy maksatlydygyny nygtaýar.
XS
SM
MD
LG