Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Semizlik barha artýar


Aşa agramdan ejir çekýän iki zenan
Aşa agramdan ejir çekýän iki zenan
Beýik Britaniýanyň barlag merkeziniň raportyna görä, bütin dünýäde aşa agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany artypdyr.

Gürrüňi edilýän bu adamlar 1980-nji ýylda bütin dünýäniň ilatynyň 23%-ne barabardy we 2008-nji ýylda bu 34%-e deň boldy. Aşa agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýän adamlaryň köpüsiniň ösüp barýan ýurtlarda göze ilýändigi aýdylýar.

“Overseas Development Institute”, ýagny Halkara ösüş institutynyň raportyna görä, 1980-nji we 2008-nji ýyllar aralygynda ösüp barýan ýurtlarda aşa agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýänleriň sany üç esseden hem köp artyp, 250 milliondan 904 milliona barabar bolupdyr.

Gürrüňi edilýän bu raportda iýmitlenişiň üýtgemeginiň, ýagny has ýagly, etli naharlaryň, süýji önümleriniň we artykmaç uly porsiýalaryň sarp edilip başlanylmagynyň gitdigiçe erbetleşýän saglyk krizisine alyp barandygy bellenilýär.

Gürrüňi gidýän raporta görä, aşa agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany 1980-nji ýyldan bäri Hytaýda we Meksikada takmynan iki esse, Günorta Afrikada bolsa üç esse artypdyr. Demirgazyk Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerika sebitlerindäki aşa agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýän adamlaryň sany Ýewropanyňky bilen deňleşipdir.

Aladalar

Raportda girdejileriň ýokarlanýan we ykdysady ösüşiň artýan döwründe iýmitlenişiň örän wajypdygy bellenilýär. Häzirki döwürde iýmitleniş bilen bagly iki sany aladanyň ýüze çykýandygy nygtalyp, olaryň birinjisi, iýmitlenişiň saglyga ýetirýän täsiri we ikinjisi, oba-hojalyk iýmitleriniň üýtgedilmegi netijesinde dörän ýagdaýdyr.

Munuň täsiriniň ösüp barýan ýurtlarda has hem göze ilýändigi bellenilýär. Bu ýurtlarda baýlar bilen garyplaryň arasyndaky aratapawut sebäpli hem aşa iýmitlenişiň güýçlenýändigi hem-de kadaly sarp ediş düzgünleriniň saklanyşynyň derejesiniň pesdigi aýdylýar.

Artykmaç iýmegiň hereketsizlik bilen birleşmegi aşa agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýän adamlaryň köpelmegine sebäp bolýar diýilip, gürrüňi edilýän raportda bellenilýär. Bu ýagdaýyň hem, esasan-da, ýokary girdejili ýurtlarda, şeýle-de orta girdejili ýurtlarda ýüze çykýandygy aýdylýar.

Deliller

Bu dokumentde getirilýän delillere görä, ýagyň hem-de duzuň aşa sarp edilmegi bilen birlikde semizlik rak, diabet, ýagny süýji keseli, ýürek keseli we insult ýaly keselleriň artmagyna sebäp bolýar. Şeýle-de aşa agramdan ýa-da semizlikden ejir çekýän adamlaryň sanynyň ösen ýurtlarda däl-de, ösüp barýan ýurtlarda has köp göze ilýändigi bellenilýär.

Bu hasabatda iýmitlenişde energiýany, proteýni we mikroelementleri aşa az sarp etmegiň heniz hem ýüz millionlarça adam üçin problema bolup galýandygy we munuň hem köplenç ösüp barýan ýurtlarda göze ilýändigi aýdylýar. Ýagny, adamlaryň gündelik sarp edýän iýmitinde gürrüňi edilýän bu minerallaryň azdygy bellenilýär. Bu minerallar ýeterlik sarp edilmese, bu ýagdaý ýetginjekleriň ruhy hem-de fiziki ösüşine öz täsirni ýetirýär.

Iýmitleniş gelejekde iýmite bolan talabyň kesgitlenmeginde-de möhüm rol oýnaýar. Raportda 2030-njy ýylda dünýäniň ilatynyň 8 milliard, 2050-nji ýylda bolsa 9 milliarda ýetmegine garaşylýandygy we haýwan etini aşa sarp etmegiň deregine, eger iýmitlenişe dykgat edilse, dünýäniň ilatyny iýmit bilen üpjün etmegiň has aňsat boljakdygy aýdylýar.

Raportda et we süýt önümleriniň has köp öndürilmeginiň galla önümlerine bolan talabyň artmagyna sebäp boljakdygy we däneli önümleriň aşa köp ekilmeginiň hem ýere agram saljakdygy aýdylýar. Şeýlelikde oba-hojalyk önümleriniň bahasynyň has ýokary galjakdygy, munuň netijesinde-de pes girdejili adamlara kadaly iýmitleniş düzgünlerini saklamagyň kyn boljakdygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG