Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-Yrak: Anbar barada maslahatlaşyldy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (ç) we Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki (s)
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden (ç) we Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki (s)
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden şu hepdede Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki bilen iki gezek gepleşik geçirdi we Yragyň Falluja şäherini “Al-Kaýda” bilen bagly söweşijilerden saplamak üçin hökümetiň alyp barýan söweşlerine goldaw bildirdi.

Ak tamyň metbugat-wekili Jaý Karneý žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Yragyň ýolbaşçylarynyň Anbar welaýatynyň ýerli tire-taýpa liderlerine ýüzlenendigini we söweşijilere garşy göreşde ýardam sorandygyny aýtdy we bu hereketi makullady. Şeýle-de Karneý Yrakda saýlawlaryň bellenen wagtynda geçiriljegini, ýurda berilýän ynsanperwer kömegiň mätäçlik çekýän adamlara paýlanýandygyny hem makullady. Karneý ABŞ-nyň Yraga halkara terrorçylyga garşy göreşde goldaw we ýardam berjegini aýtdy.

Şu hedäniň başynda Maliki ýene bir gezek “Al-Kayda” bilen bagly söweşijilere ýüzlendi we olardan Falluja şäherini terk etmegi talap etdi, bolmasa olaryň hüjüme sezewar boljagyny duýdurdy.

Anbaryň häzirki ýagdaýy

Geçen hepdede sünnüleriň köpçülik bolup ýaşaýan ýeri Fallujanyň birnäçe bölegini eýelän söweşijilere garşy durmak üçin şäheriň golaýynda tanklar ýerleşdirildi.

AÝ/AR-nyň Azat Yrak gullugy Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadi şeherinde çarşenbe güni mekdepleriň we biznes nokatlarynyň açylandygyny habar berdi. Bu şäher geçen hepdede söweşijileriň elinden gaýdyp alnypdy.

Çarşenbe güni Falluja şäherinde-de durmuşyň kadalaşyp başlamagynyň käbir alamatlarynyň peýda bolandygy barada habar berildi. Ýol gözegçiligi boýunça polisiýa köçelerde öz işine başlapdyr.

Emma ýagdaýyň henizem dartgynly bolup galýandygy, şäheriň daşynda ýüzi nikaply ýaragly adamlaryň ýerleşýändigi barada habar berilýär.

Ýitgiler

Anbar welaýatynda dekabr aýynyň aýagynda başlanan söweşler zerarly wepat bolanlaryň sany barada entek takyk maglumat ýok. Hasabatlarda heläk bolanlaryň sany onlarça adam, diýlip kesgitlenýär.

Çarşenbe güni “Gyzyl haç” guramasy 13 müň maşgalanyň söweşlerden gutulmak üçin Fallujadan gaçandygy barada habar berdi.

Premýer-ministr Al-Maliki öz hökümetiniň “Al-Kaýda” bilen bagly toparlara garşy söweşinde goldaw bildirilendigi üçin halkara jemgyýetçiligine minnetdardygyny aýtdy.

Amerikan kömegi

Şu hepdede ABŞ Yraga raketalar we sürüjisiz uçarlar ýaly ýarag kömegini tizleşdirendigini mälim etdi. Şol bir wagtda-da Waşington amerikan harbylaryny ibermek mümkinçiligini ret etdi.

Analitikler Malikiniň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň Anbar welaýatynda söweşijilere garşy harby çäreleriniň Yragyň sünni arap azlygy bilen hökümetiň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirip biljekdigini aýdýarlar.

Sünnüleriň we şaýylaryň arasyndaky dartgynlylyk Yraga ABŞ-nyň goşunlary girizilip, 2003-nji ýylda Saddam Huseýniň režimi agdarylyp, hökümete şaýylar ýolbaşçylyk edip başlandan soň güýçlendi.

Ýurtda ozal uzak wagtyň dowamynda häkimiýet başynda bolan sünni azlygy şaýylary özlerini hökümeti dolandyrmakdan üzňeleşdirmäge synanyşmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG