Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Öňki resmi saklandy


Moskwanyň polisiýasy Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň öňki resmisini tussag etdi. Ol Azerbaýjanda puly bikanun sowmakda güman edilip Baku tarapyndan yzarlanýar.

Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň anna güni aýtmagyna görä, Azerbaýjanyň 49 ýaşly bu raýaty Moskwanyň Domodedowo aeroportunda başga bir daşary ýurduna gitmäge synanyşanda saklanypdyr.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi bu adamyň ministrlikde işlän döwründe 125 müň dollary bikanun ele geçirmekde güman edilýän Ilgar Ýadigarowdygyny aýtdy.

Orsýetiň polisiýasy bu adamyň 2011-nji ýyldan bäri Orsýetiň Irkutsk regionynda ýaşandygyny aýtdy. Habar berilişine görä, onuň Moskwanyň üstünden Orsýeti terk etmäge synanyşmagynyň sebäbi häkimiýetleriň onuň şahsyýetine ünsi güýçlendirmegi bilen bagly bolupdyr.
XS
SM
MD
LG