Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Benzin gymmatlady


Özbegistanda benziniň bahasy çürt-kesik ýokarlanyp, bir gijede 20% artdy. Anna güni irden benziniň her litriniň bahasy onuň hiline görä, amerikan dollarynda 90 sentden 1.1 dollara barabar boldy. Ozalky baha 77 we 90 sent aralygyndady.

Hökümet resmileriniň aýtmagyna görä, bahalary galdyrmak baradaky karara penşenbe agşam gelinipdir, emma ýangyç stansiýalarynda nobatlaryň döremegine ýol bermezlik üçin köpçülige yglan edilmändir.

Özbegistan Fergana regionyndaky iň uly nebit zawodynda dörän problemalar bilen baglylykda ençeme aýlap benzin krizisy bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Emma benziniň bahasy ozal şeýle derejede ýokarlanmandy.
XS
SM
MD
LG