Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Kabula aladasyny bildirýär


Bagram türmesindäki tussaglar.

Bagram türmesindäki tussaglar.

Kabul Waşingtonyň howpsuzlyk töwekgelligi hökmünde seredýän tussaglarynyň onlarçasyny boşatjagyny yglan edeninden soň, Birleşen Ştatlar öz aladasyny bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň sözçüsi Kabulyň boşatmagy planlaşdyrýan 72 tussagynyň «howply jenaýatçylardygyny” aýtdy.

Jen Psaki bu barada sişenbe güni Waşingtonda şeýle diýdi:

"Biz bu tussaglaryň owgan jenaýat derňew sistemasy esasynda seljerilmezden boşadylmak ähtimallygyna alada bildirdik. Biz owgan prezidenti Hamid Karzaýyň täzeden seretmek esasynda 88 tussagyň 72-isini boşatmagy tassyklandygy baradaky habarlary gördük. Siziň hem bilýän bolmagyňyz ahmal, bu 72 tussag howply ženaýatçy, olaryň terrorçylyk jenaýatlaryna, şol sanda öýde ýasalan partlaýjy enjamlara dahyllylygy barada berk subutnamalar bar, bu partlaýjylar owgan raýatlarynyň ganymy bolup durýar."

Owgan prezidenti Hamid Karzaý penşenbe güni bu 72 tussagyň garşysyna hiç hili ýa-da suwytly bir deliliň bolmandygyny aýtdy.

Bu beýanatda galan 16 tussagyň işleriniň derňewiniň dowam etdiriljekdigi, diýmek olaryň türmede saklanyljakdygy aýdyldy.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň senatorlaryndan ybarat bir topar Kabulda Karzaý bilen duşuşyp, oňa şol 88 tussagyň Parwan tussaghanasyndan boşadylmagynyň Amerikan-Owganystan gatnaşyklarynda uly gaýtgynlyk boljagyny duýdurdylar.

Birleşen Ştatlaryň resmileri ABŞ-nyň garamagyndaky Bagram harby bazasynyň golaýynda, Kabulyň demirgazygynda ýerleşýän Parwan tussaghanasynyň kontrollugyny geçen martda owgan häkimiýetlerine tabşyrypdylar.

Tussaglaryň boşadylmagy baradaky mesele Kabul bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky bir çigşik düwni bolup dur. Bu iki tarap şu ýylyň aýagynda NATO güýçleri ýurtdan çykarylandan soň Owganystanda galmaly amerikan goşunlarynyň şertleri we mümkinçilikleri, bu ugurda baglaşylmaly howpsuzlyk şertnamasy barada ylalaşyp bilmeýär.

Şu arada, penşenbe güni giçlik iki sany janyndan geçen bombaçy Laşkar Gahda, Helmand welaýatynyň paýtagtynda polisiýa stansiýasyna hüjüm etdi.

Resmiler bu hüjümde bir polisiýa ofiseriniň öldürilendigini, dokuz raýatyň, şol sanda asuda ilata degişli alty adamyň ýaralanandygyny aýtdylar.

Şeýle-de polisiýa ofiserleriň beýleki iki hüjümçini öz partlaýjylaryny partlatmazlaryndan öň atyp öldürendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG