Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Leniniň heýkelleri zaýalandy


Sowet Soýuzynyň esaslandyryjysy Wladimir Leniniň Ukrainadaky köp heýkelleri näbelli adamlar tarapyndan zaýalandy. Ýurduň demirgazyk-gündogar Poltawa regionynyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, anna güni Maşiwka şäherçesinde näbelli adamlar Leniniň heýkeliniň kellesini goparypdyrlar.

Winnisýa regionynyň Poberežne obasynda penşenbe güni Leniniň heýkeliniň kellesi goparylyp zaýalanypdyr. Berdyçew şäherinde duran heýkel şu hepdäniň başynda näbelli wandal hüjümçiler tarapyndan doly ýumrulypdyr.

Leniniň ýene bir heýkeli geçen hepdede Odessa regionynda Andriiwo-Iwaniwka obasynda näbelli adamlar tarapyndan ýykylypdyr.

Kiýewiň bir böleginde duran Leniniň heýkeli Ukrainada geçirilen hökümete garşy protestleriň dowamynda geçen aýyň başynda ýumrulypdy. Prezident Wiktor Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagy protestlere sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG