Sepleriň elýeterliligi

“Kumtor” dawasy dowam edýär


Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary ýurduň iň uly altyn känini işledýän Kanadanyň “Centerra Gold” kompaniýasy bilen ylalaşyga degişli “tehniki” meseleler boýunça çekeleşiklerini dowam etdirýärler.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Jantoro Satybaldiýew anna güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda, prezident Almazbek Atambaýewiň hökümeti ylalaşygy ýatyrmaga formal taýdan çagyrmandygyny aýtdy.

Şu hepdäniň başynda prezident Atambaýew “Centerra Gold” kompaniýasy bilen ylalaşygyň “Gyrgyzystanyň milli bähbitlerini äsgermeýändigini” aýtdy.

2003-nji ýylda baglaşylan ylalaşykda Gyrgyzystanyň hökümetine “Kumtoryň” 17%-niň degişlidigi “Centerra Gold” kompaniýasynyň bolsa 83%-tine eýe bolýandygy aýdylypdy.

2009-njy ýylda gaýtadan garalan kanunda Gyrgyzystanyň hökümetiniň paýy 33%-te çenli artdyrylypdy. Häzirki wagtda hökümet öz paýyny 67% çenli artdyrmakçy bolýar. Satybaldiýew “Centerra Gold” bilen gepleşikleriň gidýändigini emma bu kompaniýanyň öz paýynyň 50%-den az bolmagy bilen razylaşmaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG