Sepleriň elýeterliligi

Yrakda söweş güýçlendi


Yragyň günbatar Anbar welaýatynda söweşleriň güýçlenendigi barada habar gowuşýar. Bu ýerde ýurduň howpsuzlyk güýçleri “Ak-Kaýda bilen bagly” ýaragly toparlary gysyp çykarmaga çalyşýarlar.

AÝ/AR-nyň Azat Yrak gullugynyň maglumatyna görä, Anbar welaýatynyň paýtagty Ramadi şäherinde geçen gije tankdan ok atyşygy, howadan edilen zarbalar we awtoulaglara goýlan bomba partlamalary bolupdyr.

Ýerli sünni taýpalaryň söweşijileriniň ýaranlygyna daýanýan howpsuzlyk güýçleri geçen hepdede Ramadi şäheriniň käbir böleklerini we Falluja şäherini basyp alan “Al-Kaýda” bilen bagly söweşijileri gysyp çykarmaga synanyşýarlar.

Azat Yrak gullugy ençeme taýpalaryň liderleriniň we ýerli hökümet resmileriniň awtoulaglarda goýlan bomba partlamalarda heläk bolandygyny habar berdi. Soňky zorlukly wakalarda wepat bolanlaryň sany barada entek takyk sanlar berilmedi. Yragyň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümeti bu şäherlere goşun girizmekden heniz saklanýar.
XS
SM
MD
LG