Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Tähran bilen gepleşik geçirýär


Reuters agentligi özüniň eksklýuziw maglumatynda Eýranyň we Orsýetiň nebite derek azyk ylalaşygy barada gepleşik geçirýändigini habar berdi. Bu ylalaşyk Tährana Günbataryň girizen sanksiýalaryna garamazdan öz nebit önümleriniň eskportyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Habar agentligi Orsýetiň we Eýranyň gepleşiklerine ýakyn bolan üç sany çeşmä salgylanýar we ylalaşygyň jemleýji detallarynyň üstünde işlenýändigini belleýär. Ylalaşyga laýyklykda, Orsýet Eýrana öz harytlaryny we azyk önümlerini berip, Eýrandan günde 500 müň barrel nebiti almagy göz öňünde tutýar.

Bu ylalaşyk ugrundaky gepleşikleriň noýabr aýynyň aýagynda Ženewada Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tähranyň we dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden öň ýa soň başlanandygy nämälim galýar.

ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalary soňky 18 aýyň dowamynda Eýranyň nebit eksportynyň möçberini iki esseden köp azaldyp, günde 1 million barrel bilen çaklendirdi.
XS
SM
MD
LG