Sepleriň elýeterliligi

Ulunýan: Demokratiýa wagzy-da gowşak


Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutyndaky maslahat, Aşgabat.

Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutyndaky maslahat, Aşgabat.

Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutynyň ýolbaşçysy çalşyryldy. Resmi maglumatlara görä, G.Berdimuhamedow prezidentiň ýanyndaky bu edara Amandurdy Arabowy belläp, Ýazdursun Gurbannazarowany işden boşadypdyr.

Bu wezipe çalşygy Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutyň öz wezipelerini berjaý edişine nähili täsir ýetirer?

Azatlyk Radiosy Merkezi Aziýa boýunça analitik, Orsýetiň Bütindünýä taryhy institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkanlar boýunça bölüminiň müdiri Artýom Ulunýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça edaranyň ýolbaşçysynyň çalyşmagy syýasy-jemgyýetçilik prosesler nukdaýnazaryndan nämäni aňladyp biler?

Artýom Ulunýan: Bu ädimler Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň halkara sahnasynda öz abraýyny gowulandyrmak isleýänliginden habar berýär. Häzirki wagtda dünýäde Merkezi Aziýa dartgynlylyk taýdan iň uly howp astyndaky regionlaryň biri hökmünde garalýandygyny unutmaly däl.

Şeýle-de bu çärä ýurtda geçen ýylyň dowamynda bolan syýasy öwrülişikleriň düzüminde garamak hem mümkin. Türkmenistanyň parlamenti indi iki sany syýasy partiýanyň wekillerinden ybarat. Şeýlelikde türkmen režimi demokratik gymmatlyklara eýerýändigini görkezmäge borçly edarada amala aşyran üýtgeşikligi bilen özüniň käbir zabun taraplaryny gowşatmaga çalyşýandygyny görkezmekçi bolýandyr diýip hasap edýärin.

Azatlyk Radiosy: Iş ýüzünde üýtgeşiklikler bolar diýip pikir edýärsiňizmi?

Artýom Ulunýan: Çynlakaý aýdylanda, üýtgeşikliklere garaşmaly däl diýip pikir edýärin, sebäbi özgerişiň bolmagy üçin Türkmenistanda we tutuş Merkezi Aziýada syýasy-jemgýyetçilik hem ykdysadyýet taýdan çynlakaý reformalar geçirilmeli.

Iň agyr mesele-de bar bolan hojalyk we gumanitar problemalary çözmek ugrunda iş alyp barmaga ukyply kadrlar potensialy bolmaly. Şonuň üçin men Türkmenistanda bolup geçýän zatlary signal ýa-da imitasiýa hökmünde kabul edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siz kadrlar problemasyny agzadyňyz. Siziň pikiriňizçe, bu häkimiýet başyndaky adamlaryň ukybyndaky kemçilikler bilen baglymy ýa-da sistemadaky problemalar bilen?

Artýom Ulunýan: Bu sistemanyň kemçiligi. Kadrlaryň gysyp çykarylmagy, kadrlaryň taýýarlanyş sistemasynyň gowşamagy, kadrlaryň garramagy häzirki ýagdaýa getirdi. Syýasy töwekgelçilikler ýaş we başarnykly kadrlaryň sistema ornaşmagyna päsgel berdi. Häkimiýetler bolsa [uzak wagtyň dowamynda] diňe özüne loýal we ýakyn adamlary daşyna ýygnamak bilen meşgullandy.

Bu problema diňe bir Türkmenistan bilen çäklenmän Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryna-da häsiýetli. Ýurduň syýasy sistemasynyň erkinleşmegi üçin belli bir gymmatlyklara daýanýan, bilimli we giň dünýägaraýyşly adamlaryň häkimiýetiň düzümine gelmegi zerur.

Türkmenistanda bolsa demokratiýa tarap üýtgeşikligiň bolmagy üçin [hökümetiň düzüminde] adam hukuklary boýunça, kanunçylyk hem gumanitar taýdan halkara standartlaryna laýyklykda jogap bermäge ukyply adamlaryň bolmagy zerur. Umuman aýdylanda, Türkmenistanyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça instituty ýaly edaralaryň wekilleri hiç bolmanda propaganda [maksatlary] üçin demokratiýa ýokary derejede ýykgyn edýändigini görkezmäge çalyşmaly. Emma häzirki wagtda [bu meselede ýurtda] hatda sowet döwri bilen deňeşdirilende-de yza gaýdyş emele geldi.
XS
SM
MD
LG