Sepleriň elýeterliligi

Hüjümiň öňüni alan ýetginjek


Mekdep okuwçylary Atizaz Hassanyň suratyny tutup durlar, Hangu, Pakistan, 10-njy ýanwar, 2013.

Mekdep okuwçylary Atizaz Hassanyň suratyny tutup durlar, Hangu, Pakistan, 10-njy ýanwar, 2013.

Pakistanyň premýer-ministri janyndan geçen bombaçynyň mekdepde özüni partlatmagynyň öňüni almaga synanyşanda wepat bolan ýetginjegiň ýokary graždan sylagy bilen sylaglanmalydygyny aýtdy.

Nawaz Şarif anna güni çykyş edip, Aitzaz Hassan “Sitara-i-Şujaat” gahrymanlyk ordeni bilen sylaglanmaly diýdi.

Aitzaz Hassan, aýdylmagyna görä, duşenbe güni öz okaýan mekdebine hüjüm etmekçi bolan bombaçyny saklamaga synandy. Bu waka 6-njy ýanwarda demirgazyk-günbatardaky Haýber Paktunkwa welaýatynda boldy.

Hüjüm we hüjümçi

Hassan hassahanada, janyndan geçen bombaçy Nangu etrabyndaky mekdebiň derwezesiniň agzynda özüni ýaranda alan ýaralaryndan heläk boldy. Sünni ekstremist topary bolan “Laşker-e-Jhangwi” şaýy musulmanlarynyň köplük bolup ýaşaýan ýerini nyşana alan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

“Laşker-e-Jhangwi” Pakistanyň şaýy azlyklaryny yslam dininden çykanlar diýip atlandyrýar we olaryň öldürilmelidigini aýdýar.

Haýber Paktunkwa welaýatynyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Nasir Han Durrani Hassanyň “öz batyrlygy we gaýduwsyzlygy bilen ýüzlerçe okuwçynyň janyny halas edendigini” aýtdy.

Pakistanyň habar serişdeleri Hassanyň mekdebe giç barandygy sebäpli hüjümçiniň mekdebiň binasyna golaýlan wagtynda hüjümiň öňüni almak mümkinçiligine eýe bolandygyny habar berdiler.

Partlamanyň bolan wagtynda mekdepde ýüzlerçe okuwçynyň bolandygy aýdylýar. Pakistanyň habar serişdelerine görä, bu wakanyň ýurtda janyndan geçen hüjümçi tarapyndan mekdeplere gönükdirilen ilkinji hüjüm bolandygy aýdylýar. Pakistanda soňky on ýylyň dowamynda yslamçy söweşijileriň jogapkäçiligini öz üstüne alan hüjümlerinden müňlerçe adam heläk boldy.

Hassanyň maşgalasy

Hassanyň kakasy Mujahid Ali Bangaş, ýerli metbugata görä, öz oglunyň eden işine buýsanýandygyny, sebäbi onuň öz janyny ýurt üçin bagyşlandygyny aýdypdyr.

Hassanyň kakasy hüjümiň bolan wagtynda Birleşen Arap Emirliklerinde işleýän eken.

Aitzazyň uly dogany Mujtaba Hassan AÝ/AR-ny bilen söhbetdeşliginde Hassanyň ölüminiň ejesini gaýgy-gama batyrandygyny, emma başga ejeleri gaýgydan halas edendigini aýtdy:

"Biz öz inimiziň eden eşine buýsanýarys. Biziň öýümizde ýas tutulýar, emma köçä çykanymyzda adamlar bize alkyş aýdýarlar”.

Pakistanly okuwçy gyz Malala Ýusufzaý 2012-nji ýylda “Talyban” hereketiniň agzalary tarapynda janyna kast etmek synanyşygyna sezewar bolansoň, Pakistanyň raýat sylagy bilen sylaglanypdy.
XS
SM
MD
LG