Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Kadrlar çalşygy boldy


Türkmenistanda ýokary derejeli hökümet resmileriniň ençemesi wezipelerinden boşadyldy.

Resmi maglumatlara görä, Pälwan Taganow hökümet-baştutanynyň orunbasary wezipesinden we prezidentiň hem hökümetiň apparatynyň işleriniň dolandyryjysy wezipesinden boşadylypdyr. Tawakmämmet Jepbarow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň dolandyryjylarynyň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň Halkara walýuta fondundaky hem Aziýanyň ösüş bankyndaky dolandyryjysy wezipelerinden boşadylypdyr.

Şeýle-de, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Azyk senagat döwlet bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň wezipelerinden boşadylandygy, “Prezidentbankyň”, “Türkmenbaşy” bankynyň we “Daýhanbankyň” ýolbaşçylarynyň çalşyrylandygy barada habar berildi. Türkmen metbugatyna görä, pudak we döwlet edaralarynyň ençemesine täze ýolbaşçylar bellenipdir.

Bu wezipe çalşygy 10-njy ýanwarda 2013-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda amala aşyryldy.
XS
SM
MD
LG