Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: 11 protestçi keselhana düşdi


Kiýewde polisiýanyň bölüminiň golaýynda bolan çaknyşyklarda ýaralanan 11 protestçi keselhana düşdi.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi geçen gije bolan çaknyşyklarda polisiýanyň ýörite bölümleriniň 20 çemesi wekiliniň hem ejir çekendigini, olaryň biriniň aýagy döwülip keselhana düşendigini habar berdiler.

11-nji ýanwarda gije polisiýa Ukrainanyň öňki içeri işler ministri Ýuriý Lutsenkony we ýene azyndan üç adamy urup-ýençdi. Lutsenko “Üçünji ukrain respublikasy” atly oppozision herekete ýolbaşçylyk edýär.

Häzirki wagtda reanimasiýa bölüminde saklanýan Lutsenkonyň kellesine zeper ýetipdir. Lutsenkonyň urulyp-ýenjilmegi boýunça jenaýat işi gozgaldy.
XS
SM
MD
LG