Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçide protestler üçin ýer kesgitlendi


Orsýetiň olimpiýa şäheri bolan Soçiniň resmileri indiki aýda boljak Gyşky Olimpiýa öýünlaryna gatnaşygy bolmadyk protestleriň we ýörişleriň geçirilmegi üçin ýörite ýer bellediler.

Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Kozak ýörite bellenen ýeriň Soçiniň Hosta etrabynda ýerleşýändigini aýtdy we “syýasy waka bolmadyk olimpiýa oýunlarynyň geçýän döwründe protestleriň bolmajagyna umyt baglanýandygyny” mälim etdi.

Orsýetiň adam hukuklary boýunça baş wekili Wladimir Lukin protestler üçin niýetlenen ýere baryp görendigini we ol ýere awtoulagly, awtobusly ýa otly bilen “aňsat baryp bolýandygyny” aýtdy.

Orsýet jyns azlyklarynyň arasynda “geý propagandasyny” gadagan edýan kanuny kabul etmegi sebäpli halkara derejesinde berk ýazgaryldy. Adam hukuklaryny goraýjy käbir aktiwistler we guramalar Soçide 6-njy we 23-nji fewral aralygynda geçiriljek bu oýunlary boýkot etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG