Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedinde çaknyşyk boldy


Resmileriň aýtmagyna görä, gyrgyz-täjik serhedinde emele gelen dartgynlylygyň netijesinde bolan ok atyşygynda gyrgyzystanly bäş serhetçi, bir polisiýa wekili we täjigistanly üç serhetçi ýaralanyp keselhana düşüpdir.

AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy bu wakany derňemek üçin iki ýurduň resmileriniň Batken regionyna iberilendigi barada habar berdi. Şenbe günki ok atyşygynyň sebäpleri barada wakanyň yzýany habar berilmedi, emma ençeme ýyl bäri ýurtlaryň arasynda dowam edýän territorial dawalar sebäpli regionda dartgynlylyk güýçli bolmagyna galýar.

2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Batkende dartgynlylyk hasam güýçlenipdi. Bu ýerde täjik maşgalasynyň bäş agzasy öldürilipdi. Bu wakanyň öňüsyrasynda gyrgyz maşgalasynyň dört agzasy öldürilipdi.

Gyrgyzystanyň günorta Batken welaýaty Täjigistan we Özbegistan bilen serhetdeş. Serhetleriň kesgitlenmegine degişli problemalar 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri regionda dartgynlylygyň dowam etmegine sebäp bolýar.
XS
SM
MD
LG