Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl: Ariel Şaron aradan çykdy


Ysraýylyň öňki premýer-ministri Ariel Şaron 85 ýaşynda aradan çykdy. Ysraýylyň resmileri we Şaronyň maşgalasy onuň şenbe güni ýogalandygyny habar berdiler. Şaron insult bolup koma düşüpdi we soňky sekiz ýylyň dowamynda özüne gelmän ýaşady.

2001-nji ýylda premýer-ministr wezipesine saýlanan Ariel Şaron Ysraýylda iň köp sylanýan, arap dünýäsinde bolsa iň ýigrenilýän syýasy liderleriň biri bolupdy.

Ysraýylyň köp raýaty Şarona ýurduň howpsuzlygyna zyýan ýetirmezden parahatçylygy gazanmaga ukyply ýolbaşçy hökmünde garaýardy. Palestina Şarony 1982-nji ýylda Liwandaky Sabra we Şatila bosgunlar lagerlerinde bolan gyrgynçylyklara ýolbaşçylyk etmekde aýyplady.

Şaron 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda saýlaw kampaniýasynyň dowamynda insult boldy.
XS
SM
MD
LG