Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususylaşdyrma we deňsizlik aladalary


Avakgap ussalary. Lebap, Lebap, 22-nji novabr, 2013.
Avakgap ussalary. Lebap, Lebap, 22-nji novabr, 2013.
Türkmenistanyň prezidenti dekabryň aýagynda döwlet emlägini hususylaşdyrmak hakyndaky kanuna gol çekdi. Bu kanun 1-nji iýulda güýje girýär.

Resmi metbugatynda tassyklanylmagyna görä, döwlet emlägini döwletden aýyrmak we hususylaşdyrmak baradaky kanun telekeçiligi ösdürmäge, Türkmenistanda maýa çekmek şertlerini döretmäge hem-de netijeli, sosial ugurly ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen.

Bazar ykdysdayýetiniň tejribelerinden belli bolşuna görä, käbir kärhanalar hususy pudakda has netijeli dolandyrylýar we bu ýagdaý raýatlaryň inisiatiwalaryna has giň ýol açylmagyna, olaryň işe has höwesli ýapyşmaklaryna we ahyr netijede içerki önümçiligiň ösmegine, ýurtda haryt bolçulygynyň döremegine hyzmat edýär. Umuman alnanda bolsa, hususylaşdyrma ýurduň ykdysadyýetindäki konkurensiýany, sagdyn bäsdeşligi ösdürmeli.

Türkmen metbugatynda aýdylmagyna görä, ýurtda ilkinji gezek döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri kesgitlendi, şol sanda raýatlaryň hukuk deňliginiň, işçileriň sosial goragynyň üpjünçiliginiň, aýanlygyň, döwlet emlägi döwletden aýrylyp, husysyýetçilige berlen halatynda döwlet we jemgyýetçilik kontrollugynyň üpjün edilmeginiň prinsipleri kesgitlendi.

Emma bu işiň aýdylyşy ýaly adalatly, raýatlaryň deňligini üpjün etmek bilen geçiriljegine şübhe bildirýänler hem bar. Ozalky SSSR-iň düzümine giren respublikalaryň hususylaşdyrma tejribelerinden , şol sanda Türkmenistanda kärendeçilik bilen bagly käbir tejribelerden çen tutulsa, bu meselede sapak edilmeli ýalňyşlaryň az bolmandygy bellidir.

Mysal üçin, häzir käbir türkmenistanlylarda döwlet eýeçigindäki kärhanalar we emläkler hususyýetçilige geçirilende wezipeli adamlar, ýa-da täsirli tanyşlary we puly bolanlar has köp mümkinçilige eýe bolup, ýönekeý adamlaryň haky köýüp biler diýen alada bar. Ikinji tarapdan, Türkmenistanda azat metbugatyň, garaşsyz sudlaryň bolmazlygy hususlaşdyrma işinde aýanlygyň üpjün edilmegine ýol bermez diýen pikir hem bar.

Eýsem Türkmenistandaky hususylaşdyrma nähili anyk çäreler arkaly adalatly amala aşyrylyp biler? Bu barada kimde nähili pikir we sorag bar?

Azatlyk Radiosynyň nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligine pikir-teklipleriňiz, soraglaryňyz, bellikleriňiz bilen gatnaşmagyňyzy haýyş edýäris!
XS
SM
MD
LG