Sepleriň elýeterliligi

Ekrem Özbaý: "Her halkyň öz şehitleri bolmaly"


Gökdepe urşuny şekillendirýän surat.

Gökdepe urşuny şekillendirýän surat.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda mugallym bolup işläp gaýdan türkiýeli türkmenlerden alym Ekrem Özbaý bilen dünýä Türkmenlerinden Hatyra güni babatda gelip gowşan teswirler hem islegler esasynda taryhyň sahypalaryna salgylanyp söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ekrem Özbaýyň türkmenler we Türkmenistan bilen nähili arabaglanşygy bar? Sizi türkmen taryhy bilen iş salyşmaga iten sebäp näme?

Ekrem Özbaý: Tä orta mekdepde okaýan döwürlerimde biziň aslymyzyň şol ýerden gelendigini bilýärdim. Türkiýe we Türkmenistan türkmenlerden ýagny oguz taýpalaryndan emele gelýändir. Türkmenler Orta Aziýadan Türkiýä Hazar deňiziniň demirgazygy bilen günortasyndan köpçülikleýin göçüp gelipdirler. Meselem, Tekeler Antaliýa tarapyna, Ärsarylar Balykesir tarapyna, Owşarlar Kaýseri tarapyna, biz bolsak Warsaklar höküminde Adana we Mersin tarapyna ornaşypdyrys.

Ekrem Özbaý

Ekrem Özbaý

Türkiýede öz aslyny unutmaýanlar ýagny biraz taryh bilen gyzyklanýanlar nirden gelenini, nirä ornaşandyklaryny, haýsy taýpadandygyny bilýär. Edil şonuň ýaly şol bir wagtyň özünde assimiliýasiýa duçar bolup aslyny bilmeýänler hem az däldir. Olaram öz aslyny öwrenen mahaly ata-babalarymyzyň taryhyna haýran galýarlar.

Ýaltalyk sebäpli ýa-da aslyny bilmezligi üçin alnyp barylan ýörite syýasat sebäpli adamlar öz aslyny ýadyndan çykaryp bilýär. Aslynda Türkiýedäki we Türkmenistandaky adamlar taryhda ata-babalarymyzyň näme üçin we nirä göçülendigi bilen gyzyklanyp, gerek bolan maglumatlary öwrense, onda geljekdäki kynçylyklary has gowy ýeňip geçmäge hem ukyp gazanarlar.

Ýatan ýeri ýagty bolsun, atam bilen bolýan gürrüňdeşliklerimizde men hemişe şeýle diýýärdim "Ata men bir gün ata-watan Türkistana gitjek. Soň saňa ol ýerden duýgularymy beýan edip hat iberip durjak. Atam bolsa "Oglum, biziň aslymyz şol taýdan gelen. Ata-babalarymyz Horasandan gelendiklerini aýdýardy. Ata-watany hökman görmeli" diýýärdi.

Şeýlelik-de Alla nesip etdi. Men Türkiýede mugallym bolup işleýärdim. Türkiýe döwleti daşary ýurtlardaky mekdeplerde mugallymçylyk etjekler üçin synaglar geçirýärdi. Menem şol synagdan geçdim we Türkmenistana mugallymçylyga gitmekligi gazandym.

Aşgabatdaky “Türk Anadoly” liseýinde 1998-nji we 2001-nji ýyllaryň arasynda üç ýyl mugallymçylyk etdim. Meniň mugallymçylyk eden döwrümde Türkmenistanyň garaşsyzlygyna on ýyl bolupdy.

Men Aşgabada din we ahlak medeniýeti sapagynyň mugallymy hökmünde gidipdim. Ýöne pelsepe, taryh, din medeniýeti, psihologiýa ugurlary boýunça-da Aşgabatdaky “Türk Anadoly” liseýinde sapaklar okatdym.

Men ylmy işimi psihologiýa ugrundan goradym. Muňa garamazdan men has köp türkmenleriň taryh we folklory bilen gyzyklandym. Şeýlelikde men Türkmenistanda "Türkmenistandan Anadola", "Türkistanda parlaýan bir ýyldyz Türkmenistan" kitaplarym we "Türkmenistanyň taryhynda bilim, garaşsyzlyk we din" atly makalala ýygyndymdan ybarat üç sany kitap ýazyp, çap etdirdim. Şeýlelik-de Türkmenistan barasynda üç eserimi halk köpçüligine ýetirdim.



Azatlyk Radiosy: Ekrem Özbaý, Azatlyk Radiosyna ýüzlenen käbir diňleýjiler Hatyra gününe düşünmeklik üçin nähili taryhy maglumatlaryň bilinmelidigini soraýarlar. Hatyra gününiň manysyna düşünmeklik üçin taryhyň haýsy döwürlerine ser salmalyka?

Ekrem Özbaý: Hatyra gününiň manysyna dogry düşünmeklik üçin türkmenleriň taryhynyň käbir döwürlerine aýratyn üns berilmeli. Munuň bilen baglanyşykly Türkmenistan taryhynyň öwrenilmeli döwürleri ynha şeýle. Türkmenistanyň basylyp alynmazdan owalky hanlyklar döwri ýagny bu 1700-nji ýyldan owalky wagty öz içine alýar. Türkmenistanyň basylyp alynan döwri bolsa 1700-nji ýyldan 1884-nji ýyla çenli dowam edýär.

Azatlyk Radiosy: Ekrem Özbaý, Türkmenistan taryhynyň Hatyra güni bilen gönümel baglanyşykly ýaňky sanap geçen döwürleriňiz barada diňleýjilerimiz üçin maglumat berip bilersiňizmi?

Ekrem Özbaý: Şol döwürde ýagny 1700-nji ýyllarda orslar knýazlyklar görnüşinde ýaşaýardy. Ýagny şol döwürde entek orslar uly döwlet gurup bilmändi. Soň orslar Türkmenistanda Hojanepes bilen aragatnaşygy ýola goýup, harby adamlaryny iberip, ýurdy hem halky öwrenmäge başlaýarlar.


1750-nji ýyla çenli orslaryň Türkmenistan baradaky gatnaşyklary basybaljylyk bilen baglanyşykly däldi. Haçan-da diňe 1750-nji ýyldan soň orslar Hazaryň kenarynda söwda merkezleri, koloniýalar, galalar döredilmegi bilen Türkmenistanyň galan ýerlerini hem basyp almagy pikir edip ugraýarlar.

Şol döwürde orslar Amerikadan pagta alýardy. Ýöne soň Amerika hem pagta ibermegi goýbolsun edýär. Şeýle-de iňlisler Hindistandan Owganystanyň üstünden Orta Aziýa tarap herekede geçýärler. Orta Aziýada iňlisler bir ara sebit döretmekligi göz öňünde tutýarlar.

Orslaryň bolsa şol döwürde senagaty ösensoň öz senagat önümlerine täze bazarlaryň gözlegine çykýarlar. Hytaýa öz önümlerini ýetirmeklik üçin has amatly ýollar açmak isleýärler. Şeýle sebäplerden orslar Orta Aziýany ele almak üçin taýýarlanyp başlaýarlar.

Türkmenler orslaryň basybaljylykly hereketlerine boýun egmän, gaty gazaply gaýtawullar berýärler. Ýöne gynansagam türkmenleriň garşysyna senagatlaşmaklyk ösüşini tamamlan bir güýç, ýagny döwlet çykýar.

Türkmenler bolsa şol döwürde entek hanlyklar ýagdaýynda dagynyk ýaşaýardy we her hanlyk diňe öz bähbidine görä hereket edýärdi. Ýagny türkmen hanlyklarynyň arasynda bir agzybirlik hem raýdaşlyk ýokdy. Ýeri gelenine görä şu ýerde pursatdan peýdalanyp türkmen hanlyklarynyň birleşmekligi we agzybirligi üçin uly tagalla eden Gökdepäniň beýik ägirdi Nurberdi hany beýik sarpa bilen ýatlap geçmek isleýärin.


Azatlyk Radiosy: Ekrem Özbaý, Türkmenistanyň Hatyra güni bellemekligine we munuň bilen baglanyşykly gürrüň gozgalmagyna prowokasiýa ýagny öjükdirme höküminde baha berip, eger orslar bolmadyk bolsa Türkmenistan Owganystan ýaly yzagalak bolardy diýänler bar. Hatyra güni bellemekligiň maksady näme, bu temada siziň pikiriňiz nähili?

Ekren Özbaý: Her döwletiň we her halkyň öz şehitleri bardyr. Eger bir halkyň şehitleri, şehitlikleri, taryhda yz galdyran şahsyýetleri ýok bolsa onda ol halk döwlet ýa-da millet bolup bilmez. Ol hemişe başga güýçleriň golastynda baknalykda ýaşamaly bolar we baknalaşdyrylyr. Hatyra gününe men "Watan söýgüsiniň çeşmesiniň gözbaşyna üns çekmeklik we şony geljek nesillere ýatlatmaklyk" diýip baha berýärin.

Sebäbi ýaş nesillere watan söýgüsiniň çeşmesiniň gözbaşy öz şehitlerini we şehitliklerini öwretmeseňiz, birden watana howup abanaýan halatynda ýurda eýe çykjak adam tapmaklyk kyn bolup biler. Şonuň üçinem ýaş nesillere şehitlik ynanjy we şehitlik mertebesi öwredilmelidir.

Hatyra gününde Gökdepe söweşiniň mysal görkezilmeginiň sebäbi bolsa watan söýgüsi, watany goramaklyk duýgusy hem azatlyk göreşi bilen baglanşyklydyr. Gökdepe galasynda türkmenler watany goramaklyk üçin adamzat taryhynda seýrek duş gelýän edermeklik bilen söweşendir.

Gökdepede türkmenler öz watanyna hüjüm edenlere garşy göreşendir. Türkmenler Gökdepe urşunda beýik gahrymançylyk dessany döredendir. Şonuň üçinem şeýle milli gymmatlyklary ýaş nesillere öwretmeklik näme üçin prowokasiýa bolup biler?! Hatyra gününiň ýa-da munuň bilen baglanyşykly edilýän bir işiň prowokasiýa-öjükdirmeklik bolmagy asla mümkin däldir.

Hatyra güni arkaly türkmenler öz ýaş nesillerine taryhda bolup geçen möhüm hem pajygaly wakalary öwretmek isleýär we öwredýär. Bu bir halkyň tebigy hak-hukugydyr we şol bir wagtyň özünde hem milli borjydyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňize görä, Gazawat ýaly türkmenleriň azatlyk ugrundaky göreşleri hem Hatyra gününde ýatlanmalymy?!

Ekrem Özbaý: Gynansagam Türkmenistanda Gazawat we basmaçylar ýaly azatlyk ugrundaky göreşler bilen baglanyşykly käbir taryhy wakalar türkmenlere gaty nädogry öwredilipdir.

Türkmenistanda mugallymçylyk edýän mahalym duş gelen Türkmenlerime şeýle soraglar berýärdim we olara şeýle jogaplar alýardym. "Eziz hany tanaýaňyzmy? Ol watan dönügi. Jüneýt hany tanaýaňyzmy? Ol watan dönügi. Taryhdaky türkmen hanlaryna nähili baha berýärsiňiz? Oňaýsyz."

Türkmenleriň arasyndaky şeýle ýagdaý gaty gynandyryjy. Türkmen hanlary taryhda watanyň garaşsyzlygy üçin beýik hyzmatlar beripdirler. Gazawatda çölde garaşsyzlyk üçin gaty aldym-berdimli söweşler bolupdyr we kämahal Türkmenistanyň daşyna çykyp hem azatlyk göreşlerini dowam etdiripdirler. Jüneýt han we Eziz han ýaly meselem Abytnazar ýagny Gyzylaýak halypa hem Türkmenistanyň Amyderýa tarapynda azatlyk üçin gaty güýçli söweş alyp barypdyr.

"Türkmen taryhynyň garaşsyzlyk göreş ýyllary" diýlen döwür ynha şol söweşleriň bolan ýyllaryny öz içine alýar. Türkmenleriň taryhynda Garaşsyzlyk göreşleriniň bolan döwri 1881-nji ýylda Gökdepe galasynyň synmagyndan soň 1884-nji ýylda hem Marynyň boýun bolup, ýurduň doly basylyp alynmagy netijesinde başlaýar we 1991-nji ýylda Türkmenistanyň SSSR-den aýrylyp, garaşsyzlygyny gazanyp, Saparmyrat Nyýazowyň prezident saýlanýança çenli dowam edýär. Ýagny Türkmenistanyň orslaryň eline geçmegi bilen basybaljylyk tamamlananan hem bolsa, türkmenleriň azatlyk göreşleri gutarmaýar. Türkmenleriň azatlyk göreşleri ors patyşalygy wagtynda bolşy ýaly kommunizm döwründe hem şahsy hem syýasy görnüşde tä häzirki garaşsyzlyga çenli dowam edýär.

Türkmenler taryhynda ylaýta-da şol Garaşsyzlyk göreşleriniň döwrüni gaty gowy bilmelidir. Bolmasa ýaňky ýaly "Orslar, Türkmenleriň döwlet gurmagyna, medeniýetleşmegine kömek etdi" diýen ýaly birtarap düşünjeli adamlaryň gürrüňleri köpeler. Birtaraply bilim alan adamlar elbetde birtaraply hem pikir edýär.

Birtaraply pikir edýänler aslynda Türkmenistanyň taryhy hakykatlaryna ynsap bilen ser salan mahaly nämäniň dogrydygyna aňsatlyk bilen göz ýetirip biljekdir. Meselem, Türkmenistanda mugallymçylyk edýän mahalym bir türkmen okuwçym maňa şeýle gürrüň berdi "Bize Amerikanyň gaty garyp, sergezdançylykda ýaşaýandygy öwredilýärdi. Amerika açlykdan ölmejek bolup jan edýän bir ýurt diýip bize gürrüň berilýärdi. Haçan-da Türkmenistan garaşsyzlygyny gazanan mahaly biz hakykadyň düýpgöter başgaçadygyny bilip galdyk."

Türkmenistan garaşsyzlygyny almanka çagalar bagyndan başlap uniwersitetlere çenli birtaraply, hakykatlardan üzňe nädogry bilim berilýärdi. Baknaçylygy alyp barýanlar diňe öz isleýän aň-düşünjesinde adamlaryny döretmeklik üçin birtaraply bilim berdiler we muny hem netijede başardylar.

Taryhda Ilminski diýen bir adam bardy. Ilminski Kazanda hukuk okan, şol bir wagtyň özünde hem Müsürdäki Eser uniwersitetinde bilim alan bir ylmy işgärdi. Ilminski Lenine Türkistandaky her halkyň dilini üýtgedip, olardan şeýlelikde aýratyn milletler döretmekligi maslahat berýär. Dogurdanam häzir taryha ser salan mahalymyz şeýle işleriň edilendigini görýäris.

Bilimi birtaraply ýarag hökmünde ulanan mahalyňyz köp zady üýtgedip bilýärsiňiz. Bir adamy turuwbaşdan birtaraply bilim berip, öz isleýän düşünjäňdäki bir adam hökmünde ýetişdirip bilýärsiň.

Käbir adamlar şeýle garaýyşy hem öňe sürüp bilerler "Orslar almadyk bolsa ýagny hanlyklar döwründe galynan bolsa, hanlaryň agzalalyklary sebäpli türkmenlerde hiç hili ösüş bolmazdy. Hanlaryň arasyndan biri öňe saýlanyp, hemmesini barybir birleşdirip bimezdi."

Şeýle garaýyşa hanlyklar döwrüniň ýagdaýyna dogry çemeleşmeklik hökmünde garap bileris. Ýöne, şeýle pikir doly hakykata gabat gelmän biler. Sebäbi türkmen han-begleriniň birleşmekligi we bir döwlete hyzmat etmekligi babatdaky garaýyşlar hem tagallalar şol döwürlerde has-am ýaýbaňlanypdy. Döwletmämmet Azady bolsun ýa-da ogly Magtymguly, olar türkmenleriň arasynda hemişe birleşmeklik pikirini ündäpdirler. Muňa Magtymgulynyň şeýle setirleri bir subutnama bolup biler...

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Türkmen han-begleriniň birleşmekligi babatdaky pikir hanlyklar döwründe ýagşy bişip ugran pikirdi we eger Türkmenistan basylyp alynmadyk bolsa, onda wagty gelende elbetde türkmen han-begleri bir döwletiň astynda birleşip bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Hatyra güni diýlende esasan Gökdepe galasyndaky söweş ýada düşýär. Eýsem, Gökdepe galasynyň söweşiniň türkmenler üçin nähili ähmiýeti barka?!

Ekrem Özbaý: Türkmenleriň azatlyk hem garaşsyzlyk göreşleri diýlende taryh taýdan 1879-njy ýyldaky 1-nji Gökdepe we 1881-nji ýyldaky 2-nji Gökdepe uruşlary dünýä türkmenleri üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Hat-da men türkmenleriň bu göreşini Türkiýäniň Çanakgala, ýagny Dardanel bogazyndaky söweşine meňzedýärin. Çanakgala, ýagny Dardanel söweşi Türkiýe üçin nähili ähmiýete eýe bolýan bolsa, edil şonuň ýaly Gökdepe söweşi hem Türkmenistan üçin şeýle ähmiýete eýedir.

Türkiýede ýaşaýan çagalar nähili öz ata-babalarynyň watansöýerlik ruhuna has gowy düşünmekligi üçin hökmany suratda Çanakgalany, ýagny Dardanel söweşi şehitligini görmeli bolsa, Türkmenistandaky her bir çaga hem Gökdepe şehitligini görmeli we ata-babalarynyň azatlyk hem garaşsyzlyk göreş ruhuny ýerinde duýmalydyr.

Meselem, men Türkmenistanda mugallymçylyk eden mahalym Gökdepe şehitligini ilkinji gezek 1999-njy ýylda zyýarat etdim. Gökdepe galasynyň şehitligine baran mahalyň girişdäki bir türbete gözüň düşýär. Şol türbetiň öňünde hem sakçy ýaşuly oturandyr.

Biz Gökdepe şehitligine baryp Gurhandan aýatlar okap, doga etdik. Şehitligiň sakçysy şol ýaşuly bizi gören mahaly gözlerinden ýaş paýrap gitdi. Bu wakany haçan ýatlasam men hem gaty tolgunyp, gözlerimden biygtyýar ýaşlar dökülýär.

Ýaňky ýaşuly ýanymyza gelip biziň nireden gelenimizi sorady. Biz öz şehitlerimizi zyýarat etmäge Türkiýeden gelendigimizi aýtdyk. Gökdepe şehitliginiň sakçysy şol ýaşuly elbetde gaty köp wakalary başyndan geçiren bolmaly tolgunyp, duýgylaryny saklap bilmeýär.

Gökdepe söweşi diýlende tolgunmazlyk mümkin däl. Ýüregi bolan adam muňa biperwaý galyp bilmez. Bizem şehitlikde söweşleri hem türkmenleriň başdan geçiren ykbal pursatlaryny ýaşuly bilen bile ýatlap, gaty tolgundyk.

Eger mümkin bolsa eýe bolan şeýle möhüm ähmiýeti hem gymmaty taýdan Gökdepe galasy oňarylmaly we täzeden dikeldilmelidir. Men baryp görenimde metjidiň öňünde gala diwarynyň diňe bir bölegi dur ekeni. Gökdepe galasy dünýä türkmenleriniň ruhy galasy hökmünde doly dikeldilip, zyýaratgähe öwrülse ýaş nesilleriň ata-babalaryň azatlyk düşünjesine düşünmegine has peýdaly bolarmyka diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Taryhyň şol döwründe türkmenler dünýä medeniýetinden yza galandyklary sebäpli baknaçylyga duçar bolmaly bolupdyrlar diýen garaýyşlaram bar. Eýsem, taryhda türkmenleri baknaçylyga duçar eden sebäp diňe yzagalaklykmyka ýa-da türkmenler dogurdanam döwrebap bolup bilmedimikä?

Ekrem Özbaý: Orta Aziýadaky türkmenler güzeranlaryny maldarçylyk bilen aýlaýandyklary üçin çarwa ýagdaýda ýaşap, hemişe dagynyk hereket edýärdi. Ýöne çarwa ýaşaýyş türkmenleri durmuşda guramaçylyk taýdan diýseň kämilleşdiripdir.

Hanlyklar döwründe her bir türkmen hany özbaşdak döwletini gurupdyr diýip bileris. Ýöne türkmen hanlyklary ownuk döwletler görnüşe eýe bolany sebäpli, bu ýagdaý olary basyp almaklygy aňsatlaşdyrypdyr.

Taryhy doly we gowy bilmän şol döwürdäki türkmen hanlyklaryna medeniýetden yzagalan diýip baha bermeklik dogry bolmaz. Türkmen hanlyklary tä öz başyna hem basybaljy howpy abanýança bilelikde, agzybirlikde, birleşip hereket etmekligiň hökmanydygyna göz ýetirip bilmändirler.

Meniň pikirime görä, şol döwürde türkmen hanlyklary basybaljylyk howpuna wagtynda gowy düşünip, oňa garşy birleşip hereket eden bolsady, onda orslar türkmenleri basyp alyp, aňsat-aňsat özüne bakna edip bilmezdi. Ýöne öňem belläp geçişim ýaly, türkmenler maldarçylyk bilen güzeranlaryny aýlaýandyklary sebäpli dogurdanam döwrüň tehnologiýa ösüşlerinden doly peýdalanyp bilmändirler.

Türkmenler Gökdepe galasyndaky uruşda döwrebap tehnologiýadan ýeňilipdirler. Türkmenler durmuşda guramaçylyga ökdelikleri we öz edermenlikleri hem gaýduwsyzlyklary bilen şol döwürde öz hanlyklarynda başyny çarap bilipdirler.

Şu ýerde 1-nji Gökdepe galasy urşy bilen baglanyşykly bir mysal getirmek isleýärin. Gökdepe galasy üç halka gorag diwaryndan emele gelipdir. Ors goşunlarynyň Gökdepe galasynyň diwarynda top atyp ýykan ýerini türkmenler dessine oňaryp ýetişipdirler.

Ahrynda orslar Gökdepäniň birinji diwarlaryny geçip, galanyň ikinji halka diwarynyň düýbünde Türkmenler bilen ýüzbe-ýüz bolupdyrlar. Türkmenler hem 1-nji Gökdepe söweşinde duşman bilen şeýle ýüzbe-ýüz bolmaga garaşyp ýör ekeni.

Ýüzbe-ýüz, ýagny ýakyn uruşda türkmenler özüne gaty göwni ýetensoň olary hiç kim ýeňip bilmändir. Diňe döwrebap tüpeňdir-toplar bilen edilen uzakdan uruşda türkmenler täsirli bolup bilmändir.

Gökdepede döwrebap ýaraglar bilen uruş gidip durka türkmenler adamlaryň bölek-bölek bolýandygyna garamazdan ruhdan düşmän, gaýduwsyzlyk bilen urşup, basybaljylara boýun egmändirler.

1-nji Gökdepe urşy baradaky ýatlamalarynda bir ors harby ýolbaşçy şeýle gürrüň berýär: "Ýüzbe-ýüz uruşda ors goşunlary türkmenlerden gaty uly ýitgi çekipdi. Aldym-berdimli çaknyşykdan soň biraz arakesme berilipdi. Galanyň diwarynyň üstüne çykan bir türkmen Gurhandan aýat okap otyrdy. Şol mahal birden biri uly ili bilen "Çekiliň" diýip gygyrdy. Ors goşunlaram şondan soň düşelgelerine çenli yza çekildiler."

Ýaňky ors harbynyň ýatlamalaryndaky ýaly 1-nji Gökdepe söweşinde orslar "Birden türkmenler yzymyzdan gelip, duýdansyzlykda çozup, hemmämizi gyraýmasyn" diýip howsala düşüp, tä Hazara çenli yza çekilipdirler. Türkmenler aýdylyşy ýaly medeniýetden yza galan, elinden iş gelmeýän, bakna bolmakdan başga alajy galmadyk bolsady 1-nji Gökdepe söweşinde şeýle ýeňiş gazanyp bilermidi?!

2-nji Gökdepe urşunda bolsa türkmenler harby taýdan üstünligi bolmansoň orslara ýeňilýärler. Türkmenlere şol wagt goňşy ýurtlar hem garaşylan kömegi bermeýär. Garyndaşymyz diýýän Osman döwletiniň özi hem urşuň içinde bolany sebäpli türkmenlere kömek ýetirip bilmändir.

Azatlyk Radiosy: Türkmenler Türkmenistanda her ýyl 12-nji ýanwarda bellenilýän Hatyra güni nukdaý nazaryndan taryhda bolup geçen wakalardan nähili netije çykarmaly we bu ugurda näme edilmeli?

Ekren Özbaý: Dünýä türkmenleriniň ýygnagyna Aşgabatda mugallymçylyk edýärkäm men bir gezek gatnaşypdym. Şonda golýazmalar institutynyň aşagyndaky kiçijik bir zalda geçirilen ýygnaga kän adam hem gatnaşmandy.

Hatyra güni diýen ilbähbitli bir gün yglan edilen bolsa, şeýle düşünje bilen maksada doly ýetmeklik üçin dünýä türkmenleri bolup, Türkmenistanda we dünýäde türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan ýerlerinde ýygy-ýygydan ylmy ýygnaklar, seminarlar, simpoziýumlar geçirip durmaly.

Gün terbiniň iň esasy meselesi dünýä türkmenleri bolmaly. Dünýä türkmenleriniň meseleleri ara anlyp-maslahatlaşylmaly we çözgütler gözlenmeli. Täze nesile türkmenleriň taryhy dogry görnüşde öwredilmeli.

Täze türkmen nesline ylmy hakykatlardan üzňe birtaraply nädogry maglumatlar berilmeli däldir. Jüneýt han we Eziz han ýaly türkmeniň milli garymanlary bir galtaman, gozgalaňçy ýaly tanadylmaly däldir.

Dünýä türkmenleriniň we şol sanda türk halklarynyň arasynda taryhda yz galdyran türkmen şahsyýetlere bagyşlap meselem "Nurberdi han ýyly" diýip ýyllyk çäre geçirmeli ýa-da olara bagyşlap ýörite ylmy ýygnaklar, çäreler geçirilmeli.

Gökdepe galasy uruşlary diýlende ilki bilen Nurberdi han, ondan soň Berdimyrat, Dykma Serdar, Gara batyr ýaly nije ägirtleri hem hemişe ýatlamaklyk gerekdir. Bular Gökdepe uruşlarynda taryhy rol oýnan beýik serkerdelerdir. Bular watany üçin janyny aýamadyk ägirtlerdir. Türkmenleriň şeýle taryhy şahsyýetleri barada kitaplar, eserler, kinofilmler ýaýradylmaly.

Hatyra güni ruhy hem düşünjesi bilen şeýle işler edilen mahaly täze türkmen nesli öz taryhyndan we ata-babalaryndan güýç hem ylham alar. Bolmasa şeýle tagallalar edilmese türkmenlere garşy haýsam bolsa başga bir ideologiýa ýa-da medeni hüjüm gurnalan mahaly köksüz agaç ýaly bir tarapa agdarylyp gider. Şonuň üçinem türkmenler taryh bilen köklerini pugtalandyrmaly we ruhy güýç almaly. Taryhy we medeni kökler pugtalandyrylan halatynda watana hem halka eýe çykjak nesiller hasam kämilleşip köpeler.

Türkmenler döwrebap dünýä şertlerine laýyklykda indi agzalalagyň we yzagalaklygyň düýp sebäbi bolan tireçilik düşünjesini taşlap, hemmesi bir türkmen diýen düşünjede birleşmeli. Tireler öz arasynda gyz alyp, gyz bermeli. Hatyra güni pelsepesinde we watansöýerlik ruhunda türkmenler yzagalak düşünjelerden doly saplanyp, birleşmeli we hemişe agzybir bolmaly.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG