Sepleriň elýeterliligi

Kabulda bomba partladyldy


Owganystanyň paýtagty Kabulda janyndan geçen bir hüjümçi motosikletde baryp, özüni polisiýanyň awtobusynyň golaýynda partlatdy. Wakada azyndan alty adama şikes ýetdi.

Owganystanyň içeri işler ministri Sedik Sedikki hüjümçiniň partladyjyny Jalalabadyň köçesinde ýarandygyny habar berýär.

Kabulyň polisiýa başlygy awtobusyň içinde öýlerine dolanyp barýan polisiýa ofiserleriniň bolandygyny aýtdy.

Jalalabadyň köçesi paýtagta barýan esasy ýollaryq biri bolup, oňa ýygy-ýygydan “Talyban” hereketiniň söweşijileri hüjüm edýär.
XS
SM
MD
LG